«Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň politehniki orta hünär mekdebinde bahar baýramyny bellediler
20.03.2023 | 16:20 |Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň politehniki orta hünär mekdebinde Nowruz halkara baýramy mynasybetli dabaraly çäre geçirildi.
Baýramçylyk çäresine Türkmenistanyň Ulag we kommunikasiýalar pudagynyň işgärleri, Demokratiki partiýanyň wekilleri, ýurduň jemgyýetçilik guramalary gatnaşdylar.
Myhmanlaryň öňünde baharyň maýyl ediji gözelligini wasp edýän aýdym-sazlary hem tanslary bilen medeniýet we sungat işgärleri çykyş etdiler. Bahar – ýylyň ajaýyp pasly, töwerekdäki ähli zat janlanýar we täze reňklere eýe bolýar. Bular barada çärede edilen çykyşlarda nygtalyp, Nowruzyň adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň – ÝUNESKO-nyň sanawyna girizilendigi, 2010-njy ýyldan başlap bolsa Halkara Nowruz güni diýlip yglan edilendigi bellendi.
ORIENT habarlar