Aşgabatda «Ýaşlar» filminiň ilkinji görkezilişi bolar

18-nji martda paýtagtymyzdaky «Aşgabat» kinoteatrynda režissýor Isgendermuhammet Annamuhammedowyň «Ýaşlar» filminiň ilkinji görkezilişi bolar, film Öre Daşgynowyň ady bir eseriniň esasynda surata düşürildi.
Kinolentanyň düşürilişi Büzmeýin etrabynyň çäklerinde geçdi. Kino eserinde baş keşpleri türkmen aktýorlary Serdar Artykow we Ogulşat Jumaýewa ýerine ýetirdiler.
Kinofilmiň sýužeti boýunça iki sany baş gahryman – Wepa we Keýik – bir-birlerine duşýarlar we maşgala bagtyna tarap ýolda her hili durmuş päsgelçiliklerinden geçýärler.
Film gyzykly wakalar we gülküli sahnalar bilen doly, olar tutuş sýužet boýunça eriş-argaç bolup geçýär. Kinokartina ilkinji gatnaşyklary, toý däplerini we häzirki zaman ýaşlarynyň durmuşyndaky garaşylmadyk wakalary görkezýär.
«Filmiň özenine häzirki zaman ýaşlarynyň gabat gelýän esasy durmuş ýagdaýlary goýuldy – diýip, ORIENT-e beren interwýusynda kinokartinanyň režissýory Isgendermuhammet Annamuhammedow gürrüň berdi. – Filmiň baş maksady – ýaşlary sagdyn durmuş ýoluna gönükdirmek we ýumoryň üsti bilen ahlak terbiýesini emele getirmekdir».
Gahrymanlaryň häsiýetinde sadalyk, edermenlik, ýumor, oýlap tapyjylyk ýaly birnäçe häsiýetli özboluşlyklar ýüze çykarylýar. Şunuň aly häsiýetleriň üsti bilen filmi döredijiler adam durmuşynyň ownuk, düzedip bolmaýan kemçiliklerini ýaňsylaýarlar.
ORIENT habarlar