Samsung

Arkadag şäherinde iki täze etrap döredildi

Arkadag şäherinde iki täze etrap döredildi

Türkmenistanyň parlamenti Ahal welaýatynyň täze merkeziniň dolandyryş-çäk gurluşyna degişli we Arkadag şäherindäki durmuşy edaralara meşhur şahslaryň adyny dakmak barada karar kabul etdi.

20-nji martda resmi metbugatda çap edilen resminamalara laýyklykda Arkadag şäheriniň düzüminde iki etrap – Kärizek we Gorjaw etraplary dörediler. Oba hojalyk ministrligine täze şäheriň dolandyryş araçäkleriniň beýanyny amala aşyrmak tabşyryldy.

Şeýle hem şäherdäki täze edaralara meşhur işgärleriň atlary dakyldy. Olaryň arasynda: Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky sagaldyş-dikeldiş merkezi, Arkadag monumenti, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy, Berdimuhammet Annaýew adyndaky mugallymçylyk orta hünär mekdebi, Saçly Dursunowa adyndaky lukmançylyk orta hünär mekdebi bar.

Şeýle hem medeniýet edaralaryna täze atlar goýuldy – Görogly adyndaky Döwlet atçylyk sirki, Döwletmämmet Azady adyndaky kitaphana, Sahy Jepbarow adyndaky ýöriteleşdirilen sungat mekdebi, Şükür Bagşy adyndaky çagalar sungat mekdebi.

ORIENT habarlar