Iň täze habarlar

Ýetginjek türkmen hokkeýçileri Aziýanyň we Okeaniýanyň Çempionatynda kümüş medallary gazandylar

18.03.2023 | 15:41 |
 Ýetginjek türkmen hokkeýçileri Aziýanyň we Okeaniýanyň Çempionatynda kümüş medallary gazandylar

Türkmenistanyň ýetginjekler ýygyndysy Ulan-Batorda (Mongoliýa) tamamlanan Aziýanyň we Okeaniýanyň Çempionatynda kümüş medallary gazandy.

Ýaryşyň bäş oýnunda Guwançmyrat Jepbarowyň türgenleri 12 oçko toplap, dört ýeňiş gazandylar.

Diňe çempionatyň başlangyç oýnunda Özbegistanyň ýygyndysyndan ýeňlip, türkmen hokkeý topary 7:2 hasabynda BAE-niň toparyny ýeňdi, 4:3 hasabynda -Tailanddan üstün çykdy, 6:4 hasabynda - Mongoliýany ýeňdi we 14:1 hasabynda -Eýranyň ýygyndysyny ýeňmegi başardy.

Ýaryşyň jemleri boýunça Özbegistanyň ýygyndysy öz aktiwinde 15 oçko toplap, birinji ýeri eýeledi.

ORIENT habarlar

Foto: iihf.com

Şeýle hem okaň: