Samsung

Türkmenistan ýanwar-fewral aýlarynda Azerbaýjana eksport edilýän harytlaryň möçberini 4 essä golaý artdyrdy

Türkmenistan ýanwar-fewral aýlarynda Azerbaýjana eksport edilýän harytlaryň möçberini 4 essä golaý artdyrdy

Türkmenistan 2023-nji ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda Azerbaýjana $89,5 mln möçberdäki harydy eksport etdi, bu bolsa geçen ýylyň görkezijisinden 4 esse ýokarydyr – diýip, Trend portaly habar berýär.

Iki ýurduň arasyndaky haryt dolanyşygy $105 mln ABŞ-nyň dollaryndan gowrak boldy. Deňeşdirmek üçin, geçen ýyl degişli döwürde bu görkeziji $29,1 mln amerikan dollary derejesinde bolupdy.

Öz gezeginde, Azerbaýjan Respublikasy Türkmenistana $15,5 mln möçberdäki harydy eksport etdi we üpjün etmeleri 2,3 esse artdyrdy. Şeýlelikde, Türkmenistanyň öňyn söwda saldosy $74 mln töweregidir.

Türkmenistan 2023-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap Türkmenbaşy-Baku-Türkmenbaşu ugry boýunça deňiz fider daşamalaryny amala aşyrýar.

ORIENT habarlar