Dohada Türkmenistanyň Prezidenti Kataryň emiri bilen ýokary derejedäki gepleşikleri geçirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Dohada Kataryň emiri şeýh Tamim bin Hamad Al Tani bilen bu ýurda bolan döwlet saparynyň çäklerinde duşuşdy – diýip, TDH habar berýär.
Resmi duşuşyk dabarasyndan soňra iki döwletiň baştutanlarynyň giňeldilen düzümde wekiliýetleriň gatnaşmagynda gepleşikleri başlandy.
Gepleşiklerde taraplar aşakdakylary ara alyp maslahatlaşarlar:
– hyzmatdaşlygyň şertnama-hukuk binýadyny pugtalandyrmak,
-
– söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlygy giňeltmek,
-
– parlamentara gatnaşyklary ösdürmek,
-
– daşary-syýasy edaralaryň ugry boýunça özara gatnaşyklary kämilleşdirmek.
Gepleşikleriň jemleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalaryň toplumyna gol çekilmegine garaşylýar.
ORIENT habarlar