Aziýanyň Olimpiýa geňeşi türgenleriň Forumyny geçirýär

Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň türgenleriniň iki günlük forumy başlandy, ol kyrkdan gowrak Milli olimpiýa komitetleriniň wekillerini ýygnar.
Gatnaşyjylar howpsuz ýaryşlary üpjün etmegiň meselelerini, türgenleri goramagy, olaryň sportdaky çykyşlaryny mundan beýläk-de ösdürilmegini, şeýle hem dopinge garşy göreşmegi ara alyp maslahatlaşarlar.
Forumyň agzalaryna özüniň şekilli ýüzlenmesinde Halkara Olimpiýa komitetiniň prezidenti Tomas Bah Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň sebitdäki türgenleriň mümkinçiliklerini giňeltmek baradaky işjeňligine ýokary baha berdi.
«Men Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň öz Komissiýasynyň üsti bilen görelde görkezýändigini görenime örän şat, ol türgenleriň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeldýär» – diýip, Bah aýtdy, AOG-ň türgenleriniň Forumy – olimpiýa jemgyýetçiliginiň ýüregi bolan türgenler üçin olary gyzyklandyrýan meseleler boýunça pikirini aýtmaga berilýän mümkinçilikdir – diýip, belledi.
Çäräniň ahyrynda Aziýadaky olimpiýa hereketini kämilleşdirmek boýunça birnäçe maslahatlar kabul ediler.
ORIENT habarlar