Samsung

Özbegistanda beýik şahyr Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy bellenildi

Özbegistanda beýik şahyr Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy bellenildi

14-15-nji martda Özbegistanda beýik şahyr, Gündogaryň klassigi we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününüň 300 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly çäreler geçirildi. Iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda geçirilen medeni çäre, Horezm welaýatynda geçirildi, – diýip çäräniň guramaçysy bolup çykyş eden Özbegistandaky Türkmen ilçihanasy habar berýär.

1.png

Iki günlik medeni maksatnama wakalara baý bolup, çäreler «Magtymguly Pyragy – türkmen-özbek dostlugynyň köprüsi» atly halkara ylmy-amaly konferensiýasy bilen başlandy. Forumda çykyş edenler häzirki wagtda dünýäniň köp ýurtlarynda alymlaryň we edebiýatşynaslaryň meşhur türkmen şahyrynyň döredijiligini öwrenýändigini, beýik klassigiň dogulmagynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan çäreleriň bolsa, Türkmenistanda we beýleki ýurtlarda, şol sanda Magtymgulynyň poeziýasyny gowy görýän we baha berýän Özbegistanda hemr geçiriljekdigini bellediler. Munuň subutnamasy hökmünde Magtymgulynyň özbek dilinde goşgular ýygyndysynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.

2.png

Mälim bolşy ýaly, Türkmen şahyry bilimini mejlise gatnaşyjylaryň gezelenje baran taryhy Hywa şäherinde ýerleşýän Şirgazy medresesinde aldy. Şeýle hem olar, ol ýerdäki Içan Kala ýadygärlik toplumyna baryp gördüler.

Soňra Türkmen-Özbek dostlugy öýüniň howlusynda oturdylan Magtymguly Pyragynyň döwrebap ýadygärligine gül goýmak dabarasy geçirildi. Wekiliýet Horezm welaýatynyň Ürgenç etrabynda ýerleşýän «Uly Howly» taryhy-medeni toplumyň çäginde ýerleşýän bu täsin ýadygärlige baryp gördüler.

ORIENT news