Ussat suratkeşler Bäşim Nuraly adyndaky baýragyň eýesi boldular

Türkmenistanyň tanymal sungat ussatlary Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň Bäşim Nuraly adyndaky baýragy bilen sylaglandy. Baýraklar anna güni Aşgabatda birleşigiň Sergi merkezinde Nowruz baýramyna bagyşlanyp geçirilen serginiň açylyş dabarasynda gowşurylyp, oňa Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Allamyrat Muhammedow, Türkmenistanyň halk suratkeşi Amandurdy Meredow, Türkmenistanyň halk suratkeşi Gylyçmyrat Ýarmämmedow, Türkmenistanyň halk suratkeşi Dursunsolmaz Muhammedowa mynasyp boldular.
Bäşim Nuraly adyndaky baýrak 1991-nji ýylda Türkmenistanyň Suratkeşler birleşigi tarapyndan döredilip, ildeşlerimize türkmen milli şekillendiriş sungatyna goşan goşandy üçin gowşurylýar.
ORIENT news