Samsung

Türkmenistanyň hokkeý boýunça ýetginjekler ýygyndysy Aziýanyň we Okeaniýanyň çempionatynda Eýrany ýeňdi

Türkmenistanyň hokkeý boýunça ýetginjekler ýygyndysy Aziýanyň we Okeaniýanyň çempionatynda Eýrany ýeňdi

Türkmenistanyň hokkeý boýunça ýetginjekler ýygyndysy Ulan-Batorda (Mongoliýa) geçýän Aziýanyň we Okeaniýanyň çempionatynyň 2023 (U18) tamamlaýjy tapgyrynda Eýranyň toparyny 14:1 hasabynda ýeňdi.

Türkmenistanyň ýygyndysynyň düzüminde Nazar Orazow, het-trik eden, Alan Muhyýew, Röwşen Aşyrow, iki gezek tapawutlanan Matweý Arhipow, Ýusup Atdaýew, Erkin Bäşimow, Allaberdi Guwanjow, Serdar Durdyýew we Alihan Aleskerow öz hasabyna şaýba ýazdyrdylar. Eýranyň ýygyndysynda Ilýa Hamzeh gol geçirip, tapawutlanmagy başardy.

Ýaryşyň netijeleri boýunça Guwançmyrat Jepbarowyň türgenleri 12 oçko toplap, ikinji ýerde ýerleşdiler. Ätiýaçlygynda bir oýny bolan Özbegistanyň ýygyndysynyň hem oçko sany şonuň ýalydyr. Artur Fahrutdinowyň topary goşmaça görkezijiler boýunça türkmen hokkeý ýygyndysyndan öňde barýar. Ýaryşyň eýeleri – Mongoliýa üçlügiň liderlerini jemleýär.

Ozal türkmen hokkeýçileri 7:2 hasabynda BAE-niň toparyny ýeňdiler, Tailanddan- 4:3 hasabynda üstün çykdylar, 6:4 hasabynda Mongoliýany ýeňmegi başardylar we - 5:0 hasabynda Özbegistanyň toparyndan ýeňildiler.

ORIENT habarlar