Gyzlaryň arasynda Türkmenistanyň gandbol boýunça çempionaty tamamlandy

Türkmenistanda gyzlaryň arasynda gandbol boýunça ýurduň çempionaty tamamlandy. Ýaryşlar Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti we ýurtda işleýän BMG-niň agentlikleri bilen bilelikde gurnaldy.
Ýaryşyň netijeleri boýunça Aşgabat şäheriniň gandbolçylary ýeňiş gazandylar, Balkan welaýatynyň türgenleri ikinji ýeri eýelediler, üçünji orny bolsa – Lebap welaýatynyň türgenleri eýelediler.
Çäre BMG-niň we Türkmenistanyň hökümetiniň «Bütindünýä pandemiýasy bilen bagly köp ölçegli töwekgelçilikleri we howplary ýumşatmak üçin habardarlygy ýokarlandyrmak we ýaşlary çekmek» taslamasynyň çäklerinde gurnaldy.
ORIENT habarlar