Iň täze habarlar

Türkmen türgeniniň boks boýunça Hindistanda boljak DÇ-daky bäsdeşi we söweşiň senesi belli boldy

17.03.2023 | 11:36 |
 Türkmen türgeniniň boks boýunça Hindistanda boljak DÇ-daky bäsdeşi we söweşiň senesi belli boldy

Zenanlaryň arasynda boks boýunça Nýu-Delide boljak dünýä çempionatyna gatnaşýan Gulzada Jorakulyýewany bäsdeşiniň ady belli boldy. Bije atyşlygyň netijesi boýunça deslapky tapgyrda onuň bäsdeşi kamerunly Mirel Ongbibou boldy.

Boksçylar 18-nji martda 66 kg-a çenli orta agram derejesinde tutluşyk geçirerler. Bu agram derejesinde 17 jübüte bölünen 34 türgen gatnaşýar. Jorakulyýewa ýaryşda ilkinji gezek çykyş edýär.

Nýu-Delide geçirilýän boks boýunça dünýä çempionaty 65 ýurtdan 12 agram derejesinde 300-den gowrak türgeni ýygnady.

Bu ýaryş 2024-nji ýylda Parižde geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna saýlama ýaryş bolar. Reglamente laýyklykda dünýä çempionatynda Pariždäki Oýunlara 20 ýollanmanyň eýeleri kesgitlener.

ORIENT habarlar

Foto: iba.sport

Şeýle hem okaň: