FIFA 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň geçiriliş formatynyň üýtgeýändigini yglan etdi

Futbol boýunça halkara federasiýasy (FIFA) 2026-njy ýylda ABŞ, Kanada we Meksika bilen bilelikde geçiriljek dünýä çempionatynyň formatynyň üýtgeýändigini yglan etdi.
Kongressde gurama birinji tapgyryň oýunlarynyň hersinde dört ýygyndy topar bolan 12 toparda geçjekdigi barada karara geldi. 1/16 finala her kwartetden iki sany iň gowy ýygyndy geçer, şeýle hem üçünji ýeri eýelän sekiz iň gowy topar geçer.
«Feýr-pleýiň ýörelgeleri, oýunçylaryň abadançylygy, logistikanyň meseleleri, söwdanyň we sportuň özüne çekijiligi, şeýle hem ýygyndylaryň we janköýerleriň tejribesi göz öňünde tutulan ylmy-barlaga esaslanyp, FIFA-nyň geňeşi hödürlenen üýtgetmeleri 2026-njy ýylyň futbol boýunça çempionatynyň formatyny biragyzdan makullady» – diýlip, FIFA-nyň resmi saýtynda çap edilen metbugat habarynda aýdylýar.
Ilkibaşda DÇ-2026 gatnaşýan 48 topary hersinde 3 topar bolan 16 topara bölmek meýilleşdirilipdi.
ORIENT habarlar