Samsung

Türkmenistanyň Fransiýadaky ilçihanasy ÝUNESKO-nyň ştab-kwartirasynda Nowruz baýramyny belledi

Türkmenistanyň Fransiýadaky ilçihanasy ÝUNESKO-nyň ştab-kwartirasynda Nowruz baýramyny belledi

Türkmenistanyň Fransiýadaky ilçihanasy ÝUNESKO-nyň ştab-kwartirasynda Halkara Nowruz gününi baýram etmäge gatnaşdy – diýip, Pariždäki türkmen diplomatik wekilhanasy habar berýär.

Dabaralaryň çäklerinde konsert, milli tagamlary dadyp görmek we sergi gurnaldy. Türkmenistanyň diplomatik missiýasynyň sergi diwarlygyny elde dokalan halylar, milli zergärçilik önümleri we sowgatlyklar bezediler.

Şeýle hem çäräniň barşynda Türkmen äheňleri simfoniki orkestriniň sazandasy Serdar Haýdarowyň ýolbaşçylygynda döredijilik kollektiwi çykyş etdi, ol dürli saz gurallarynda, şol sanda myhmanlara dutarda we gyjakda ýerine ýetiren sazlaryny hödürledi.

Nowruzyň gününiň baýram edilmegi Owganystanyň, Azerbaýjanyň, Hindistanyň, Eýranyň, Yragyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Pakistanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň ilçihanalary bilen bilelikde gurnaldy.

ORIENT habarlar