Samsung

Stambulda bütin dünýäden iň gowy hor orkestrleri çykyş ederler

Stambulda bütin dünýäden iň gowy hor orkestrleri çykyş ederler

25-nji aprelden 30-njy aprele çenli Stambulda Türkiýäniň Medeniýet we syýahatçylyk ministrliginiň howandarlygynda hor sazynyň Bütindünýä simpoziumy (World symposium on choral music) geçiriler. Bu barada Türkiýäniň Türkmenistandaky ilçihanasynyň metbugat üçin ýaýradan maglumatynda habar berilýär.

Simpozium Hor sazynyň halkara federasiýasy tarapyndan gurnalýan soňky alty ýyldaky iň iri çäre bolar. Bu ýyl Bütindünýä simpoziumy çäräniň giň geografiýasyny we hor sazynyň görnüşleriniň dürlüligini göz öňünde tutup, «Üýtgeýän gözýetimler» şygary astynda geçer.

Dünýäniň öňdebaryjy horlary we saz bilermenleri, dünýäniň 28 ýurdundan çykyş etjekler Beýogly etrabynyň taryhy binalarynda – Atatürk adyndaky medeniýet merkezinde, Galata Mewlewi monastyrynda, Keramatly Antoniýa Paduanskiý Ybadathanasynda we merkezde Grand-Perada çykyş ederler.

Türkiýäniň Döwlet horunyň, «Gremmi» abraýly baýragynyň eýesi bolan Estoniýanyň filarmoniýasynyň kamera horynyň, Liwanyň milli «Faýha» horynyň, Taýwanyň Taýbeý filarmoniýasynyň kamera horynyň, Indoneziýadan Batavia Madrigal Singers, Ispaniýadan Leioia Kantika Korala, Puerto-Rikadan Orfeón San Juan Bautista kollektiwleriniň çykyşlaryna garaşylýar.

Simpoziumyň meýdançalarynda konsertleriň, sergileriň we seminarlaryň birnäçesiniň geçirilmegi hem meýilleşdirilýär.

Hor sazynyň Bütindünýä simpoziumynyň maksatnamasy bilen jikme-jik maglumat bilen onuň resmi saýtynda tanşyp bolýar.

ORIENT habarlar