Russiýa daşary ýurtly IT-hünärmenler üçin işe ýerleşmegi we ýaşamak üçin rugsady almaklygy ýönekeýleşdirdi

Russiýanyň kompaniýalarynda maglumatlar tehnologiýalary pudagynda işleýän daşary ýurtly hünärmenler we olaryň maşgala agzalary Russiýada ýaşamak üçin rugsady möhletsiz we ýönekeýleşdirilen tertipde alyp bilýärler. Bu barada ýurduň IIM-i öz telegram-kanalynda habar berdi.
IT-hünärmenler işlemek üçin degişli razylygy resmileşdirmezden zähmet şertnamasyny baglaşyp bilýärler. Öz gezeginde, akkreditirlenen IT kompaniýalarynyň adyndan iş berijiler işgärleri çekmeklige we peýdalanmaklyga rugsat almazdan, olary işe hakyna tutup bilýärler.
ÝR-ny almak üçin hemişelik ýaşamak üçin saýlanan ýerde Russiýanyň IIM-niň migrasiýa meseleleri boýunça çäkleýin edarasynyň şahamçasyna arza bilen ýüz tutmaly. Arza 3 aýyň dowamynda seredilýär.
ORIENT habarlar