Samsung

Robot Rumyniýanyň premýer-ministriniň täze geňeşçisi boldy

Robot Rumyniýanyň premýer-ministriniň täze geňeşçisi boldy

Rumyniýanyň taryhynda ilkinji gezek ION atly emeli intellektli robot ýurduň premýer-ministri Nikolaýe Çukeniň geňeşçisi boldy. Çarşenbe güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Çuke öz “gullukçysyny” tanyşdyrdy. Ol jemgyýetçilik pikirine degişli meseleler bilen meşgullanar – diýip, RIA Nowosti habar berýär.

Kömekçi robot ýurduň häkimiýetlerine öz meseleleri, islegleri we teklipleri barada wagtynda habar bermäge taýýar rumyniýalylara kömek eder. ION taslamasy köpçülik ýerlerinde bar bolan maglumatlara esaslanyp, rumynlaryň nazaryny we pikirlerini çalt we awtomatiki tutmak üçin emeli intellekt ulanýan ulgamdyr.

Çuke: -“Robot rumyniýaly alymlar we mugallymlar tarapyndan döredildi, ol emeli aňly ilkinji hökümet geňeşçisidir” - diýdi.

ORIENT news