Ilon Mask emeli intellekti kadalaşdyrmak haýyşy bilen ABŞ-nyň hökümetine ýüzlendi

Ilon Mask emeli intellektiň (EI) howpludygyny hasap edip, bu barada özüniň birahat bolýandygyny aýtdy. Ol ABŞ-nyň hökümetini bu tehnologiýany kadalaşdyrjy haýsydyr bir edarany döretmeklige çagyrdy – diýip, Reuters habar berýär.
Teslanyň maýa goýumçylary üçin üç sagatlyk «Master-meýilnama 3» tanyşdyrylyşyň soňunda kompaniýanyň eýesi gatnaşyjylara ýüzlenip, şeýle diýdi:
«Men bilemok. Tesla emeli intellekt babatynda gowy zatlary amala aşyrýar», - soňra Mask dymdy, uludan dem aldy we sözüni dowam edip, - «bu meni dartgynlyga salýar. Men bu barada näme aýtjagymy bilemok» diýip, nygtady.
Şeýle hem Mask emeli intellektiň jemgyýetçiligiň bähbidi üçin işleýändigini we hiç hili zyýanynyň ýokdugyny anyklamagy haýyş etdi.
ORIENT habarlar