Ilon Mask Chat GPT-niň bäsdeşini işlap düzmek üçin topary işe alýar

Ilon Mask OpenAl-dan Chat GPT-niň alternatiwasyny döretmek üçin täze barlaghanany döretmek baradaky teklip bilen emeli intellektiň barlagçylaryna ýüzlendi – diýip, Reuters habar berýär.
Teslanyň we Twitter-iň eýesi Alphabet-iň öňki işgärini, emeli intellektiň barlagçysy Igor Babuşkini işe aldy. Olar bilelikde emeli intellektli hususy boty işläp düzmek üçin täze topary düzmegiň üstünde işlärler.
Mask Kremniý jülgesinden bolan maýadar Sem Altman bilen 2015-nji ýylda OpenAl-ň bilelikdäki esaslandyrjysy boldy, ýöne ol 2018-nji ýylda startapy terk etdi. Chat GPT çykandan soňra Ilon Mask ony «diýşeň gowy» diýip atlandyrdy.
ORIENT habarlar