Samsung

«Altyn Asyr» Türkmenistanyň täze etraplarynda 4G aragatnaşygyny ýola goýdy

«Altyn Asyr» Türkmenistanyň täze etraplarynda 4G aragatnaşygyny ýola goýdy

«Altyn Asyr» öýjükli aragatnaşyk operatory Türkmenistanyň üç welaýatynyň birnäçe etraplarynda 4G aragatnaşygynyň işi üçin täze enjam oturtdy. Bu barada ORIENT-e TMCELL-iň wekilleri habar berdiler.

Indi Ahal, Balkan we Daşoguz welaýatlaryndaky «Altyn Asyryň» abonentleri ykjam aragatnaşygyň dördünji nesliniň artykmaçlyklaryndan, ýokary tizlikli internetden we ýokary hilli telefon aragatnaşygyndan peýdalanyp bilerler.

Enjam Köneürgenç, Türkmenbaşy, Akdepe, Gubadag, Bereket, Gyzylarbat, Tejen, Sarahs, Magtymguly, Kaka, Gökdepe, Ak bugdaý, Bäherden etraplarynda we Hazar şäherinde oturdyldy.

Öňki nesilleriň torlary bilen deňeşdireniňde, 4G aragatnaşygynyň birnäçe artykmaçlyklary bar: maglumaty bermegiň ýokary tizligi; ses aragatnaşygynyň gowulandyrylan hili; abonent tiz hereket edende arabaglanyşygyň ýokary tizligini saklamaklygy.

4G LTE ykjam internetini ulanyp, adam maglumatlaryň gigabaýtyny tiz ýükläp alyp bilýär, internet-telefoniýany (Skype jaňlar) ulanyp bilýär, ýokary agyrlykdaky şekilli ýazga seredip bilýär, onlaýn saz diňläp bilýär, şeýle hem sosial torlarda we habar alşyp bilýär.

Ozal «Altyn Asyr» 200 manada 20 GB trafik berýän ýörite internet-paket girizipdi «Internet-200».

ORIENT habarlar