Samsung

Forbes žurnalynyň wersiýasy boýunça «Яндекс»2023-nji ýylda runetiň iň gymmat kompaniýasy boldy

Forbes žurnalynyň wersiýasy boýunça «Яндекс»2023-nji ýylda runetiň iň gymmat kompaniýasy boldy

Яндекс kompaniýasy Forbes žurnalynyň wersiýasy boýunça 2023-nji ýylda runetiň iň gymmat kompaniýalarynyň reýtinginiň birinjiligini eýeledi. Ikinji we üçünji orny degişlilikde Wildberries we Ozon eýelediler, Forbes žurnalynda çap edilen «Runetiň 30 iň gymmat kompaniýalary - 2023» reýtingi muňa şaýatlyk edýär.

«Яндекс» kompaniýasynyň bahasy $10,2 mlrd. Ikinji ýerde bahasy $9,8 mlrd deň bolan Wildberries, üçünji ýerde bolsa – bahasy $5,2 mlrda deň bolan Ozon durýar.

Mundan başga-da, iň gymmat kompaniýalaryň onlugyna 1С, «Лаборатория Касперского», Avito, VK we Headhunter girdiler. Reýting düzülen kompaniýalaryň bahalary 2023-nji ýylyň 1-nji fewralynda bellenilýär.

ORIENT habarlar