Türk ýyldyzy Mustafa Sandal Aşgabatda konsert berdi (wideo)

Meşhur türk aýdymçysy Mustafa Sandal duşenbe güni Aşgabatda konsert berdi. Ol sportuň gyşky görnüşleri sport toplumynyň meýdançasynda çykyş edip, öz maksatnamasynda köpçülige Ýewropany bendi eden söýlüp diňlenýän meşhur aýdymlaryny hödürledi.
Mustafa Türkiýäniň iň üstünlikli aýdymçylarynyň hem-de prodýuserleriniň biri hökmünde ykrar edilendir. Ol tutuş dünýä boýunça aýdym ýazylan toplumlarynyň 17 milliondan gowrak nusgalaryny satyp, çykyş etmek üçin barýan ýurtlarynyň çäklerini ep-esli giňeltdi. Onuň aýdymlary dürli döwürlerde Awstriýanyň, Şweýsariýanyň, Belgiýanyň, Germaniýanyň, ABŞ-nyň, Russiýanyň, GDA- ýurtlarynyň çartlarynda öňdäki orunlary eýeledi.
ORIENT news
Foto we wideo: Süleýman ÇARYÝEW