Samsung

«Näme? Nirede? Haçan?» (wideo) oýnunyň «Gyş kubogy ¬– 2022» bäsleşigine onuň 300-e golaý janköýerleri gatnaşdy

«Näme? Nirede? Haçan?» (wideo) oýnunyň «Gyş kubogy ¬– 2022» bäsleşigine onuň 300-e golaý janköýerleri gatnaşdy

Ýewropa Birleşiginiň Türkmenistandaky wekilhanasy tarapyndan guralan «Näme? Nirede? Haçan?» oýnunyň «Gyş kubogy – 2022» bäsleşigine 300 töweregi adam gatnaşdy.

Bäsleşikdäki ýeňşi Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyplaryndan ybarat bolan «Sirius» topary gazandy. Hormatly ikinji ýere «Great 6 + 2» topary, üçünji orna bolsa «NZ» topary mynasyp boldular.

Geçen ýylky duşuşyklardan tapawutlylykda bu ilkinji inklýuziw ýaryş bolup, onda «Görmän oýnamak» toparyna görüş taýdan kemisli gatnaşyjylar wekilçilik etdi. Şeýle hem bu ýyl «Gyş kubogyna» Türkmenistanyň welaýatlaryndan oýunçylar gatnaşdy.

Ýaryşyň nähili geçendigine ORIENT-iň wideosynda tomaşa edip bilersiňiz.

ORIENT news
Surat we wideo redaksiýadan