Blis-küşt: ýyldyrym çaltlygyndaky tizlik bilen pikirlenmek we oýnamak (+öwrediji wideo)

Aşgabatda blis-küşt boýunça Türkmenistanyň iki günlük çempionatyna badalga berildi. Şenbe güni oýunlaryň 10 tapgyry oýnaldy.
Bu baradaky gürrüňlere içgin ünsi çekmän, blis boýunça çempionata gatnaşyjylaryň düzüminiň ýakynda tamamlanan rapid – çalt oýnalýan küşt boýunça çempionata gatnaşyjylar bilen deňeşdirlende, has wekilçilikli bolandygyny bellemek isleýäris.
Blis boýunça çempionata jemi erkeklerden 46 we aýallardan 22 adam gatnaşýar.
Blis küştüň nämedigi barada bize Federasiýanyň başlygy Wepa Mälikgulyýew düşündirdi:
– Nemes dilinden “blitz” sözi terjime edilende – “ýyldyrym” diýmegi aňladýar. Beýle diýip, dürli düzgünlere görä, oýnuň tutuş dowamyna minutlar, göçümler üçin bolsa sekundlar berilýän küştüň görnüşi atlandyrylýar. Şoňa görä-de, küştçüler oýun üçin berlen wagta ýetişmek maksady bilen, tizligi boýunça ýyldyrym çaltlygyna mahsus göçümler edýärler. Şeýle ýagdaýlarda diňe bir çalt pikirlenmän, eýsem ýyldyrym çaltlygynda belli bir karara gelip hereket etmek gerek. Mundan başga-da, türgeniň oýnuň tutuş dowamyndaky wagt üçin ünsüni mümkin boldugyça köp jemlemegi başarmagy zerur – hat-da sekundlyk rahatlanmaga-da ýolberilmesiz. Şunuň bilen birlikde-de, diňe bir berk pikir ýörediş başarnygyna eýe bolman, eýsem içgi duýgyňa hem ynanmak gerek.
... Ilkibaşdan guramaçylar çempionaty şweýsar usuly boýunça geçirmegi meýilleşdirdiler. Şunda ýaryşlar utulan çykmadyk ýagdaýynda geçýär, ikinji tapgyrdan başlap bolsa, deň möçberdäki utuklary toplan garşydaşlar duşuşyp başlaýar.
Ýöne, şweýsar usuly ýaryşa gatnaşýanlaryň sanynyň jübüt bolmagyny göz öňünde tutýar. Şoňa görä-de, oýunlary geçirmegiň beýleki – aýlawly (ony Round-robin diýip hem atlandyrýarlar) usulyny peýdalanmaly boldy. Şunda oýna gatnaşýanlaryň her biri, ýaryşyň tertipnamasyna laýyklykda, özara duşuşýar.
Bije boýunça ýaryşyň ilkinji gününde tejribeli küştçüler biri-biri bilen heniz oýnap ýetişmediler. Şoňa görä-de, güýçleriň hakyky orunlara eýe bolşuny kesgitlemek mümkin bolmady.
Zenanlaryň toparynda birinji orna Lebabyň mekdep okuwçysy, ýaş küştçi Mähri Aýmakowa çykdy. Onuň mümkin bolan 10 utukdan 9,5 utugy bar. Şu hem blis-ýaryşyň ilkinji gününiň garaşylmadyk esasy guwançly wakasy boldy.
Ýaryşyň ikinji gününde Mährä has çynlakaý synaglaryň garaşýandygy düşnüklidir, şol gün küşt tagtasynyň garşysynda ol esasy garşydaşlary bilen güýç synanyşmaly bolar. Käbir synçylaryň onuň şenbe günündäki üstünligini wagtlaýyn hasaplaýandygyna garamazdan, munuňň özi Mähriniň gazananlarynyň ähmiýetini peseltmeýär.
Ilkinji günüň netijeleri boýunça ikinji orny küştüň “nusgawy” görnüşi boýunça Türkmenistanyň çempiony Jemal Öwezdurdyýewa öz adyna berkitdi – mümkin bolan 10 utukdan 9 utuk.
Üçünji orunda bolsa bir wagtyň özünde küştçileriň dördüsi ýerleşdi – olaryň her birinde 8 utuk bar. Şolaryň arasynda rapid boýunça ýurduň täze çempiony Läle Şöhradowa bar. Ol barada ozal ORIENT ýazypdy. Onuň ýanyna Ogulsuraý Baýrambaýewa, Eneş Orazmedowa hem-de Leýla Şöhradowa goşuldylar.
Zenanlar toparynda blis ýaryşyna gatnaşýan esasy düzümiň ýaşlardygyny we ýetginjeklerdigini bellemek gerek, ýöne esasy zat türgen gyzlarymyz hyjuwly, olaryň ýaryşlara gatnaşyp, gazanmaly üstünlikleriniň esasy tapgyrlary heniz öňde. Erkekleriň topary barada-da hut şeýle sözleri aýdyp bolar. Olaryň toparynda hem esasan ýaşlar jemlenýär. Bu toparda ýaryşa gatnaşmaga özlerini ýeterlik derejede oňat duýýan küşt sungatynyň halypalary netijeli hereket edýärler.
Olaryň hatarynda grossmeýster Orazly Annageldiýew, Karen Grigorýan, Öwlüýäguly Nazarmyradow hem-de ýurtda küşt hereketiniň beýleki “aksakallary” bar. Siz fotosuratda üçünji agzalan küştçini görýärsiňiz.
Türkmen küştüniň weteranlary bu akyl-paýhas oýnuny halaýan ýaşlar bilen özleriniň baý tejribesini paýlaşýarlar.
Ýaryşa iň ýaş gatnaşyjy – Emir Kim bolup, ol çalt oýnalýan küşt boýunça çempionatyň ilkinji gününde 7 ýaşyny belledi. Biz ony, gijrägem bolsa, gutlap, akyl-paýhas oýunlarynyň belentliklerine tarap ýolda üstünlikleri arzuw edýäris.
Has kiçiräk ýaşlylar hem bardy, ýöne olar çempionata gatnaşýanlar däldi, olar janköýerlik etmek, belki-de, bir zatlary öwrenmek ýa-da özlerinden uly ýoldaşlaryna kömek bermek üçin Aşgabadyň küşt-şaşka merkezine gelendirler:
--Bäh, siziň küştüňizi göterip gezip ýörmek, sportuň aňsat görnüşi-hä däl eken! – diýip, körpeje pikir edýän bolmagy ahmal.
Häzirki günde erkekleriň toparynda 9 utuk toplan halkara ussady Ýusup Atabaýew öňde gelýär. Onuň iki deň oýny we sekiz ýeňşi bar.
Ikinji orunda grossmeýster Maksat Atabaýew barýar. Ol bir ýarym utuk ýitirmek bilen, mümkin bolan on utukdan 8,5 utuk toplady. Onuň Mergen Kakabaýewden utulan bir döwi hem-de dogany Ýusup bilen deňlikde tamamlan ikinji oýny boldy.
Ýöne, hemişe bolmalysy ýaly ýagdaýa laýyk gelmeýän geň zat, doganlar Atabaýewleriň oýnunyň deňlik bilen tamamlanan netijesiniň beýleki islendik garşydaşdan ýeňilmekden hem ýaramaz bolmagyndan ybarat boldy. Çünki doganlar Atabaýewler köplenç birnji orna esasy dalaş edýänlerdir. Şoňa görä-de, biriniň beýlekisinden kiçi ýeňşi köp babatda onuň hormat münberiniň iň ýokary basgançagyna päsgelçiliksiz çykmagyny üpjün edýär.
Çempionatyň ilkinji gününiň netijeleri boýunça üçünji orunda – 7,5 utuk toplan, FIDE-niň ussady Mergen Kakabaýew barýar. Oňa utuklaryň birini häzir öňdeligi eýeläp gelýän grossmeýster Maksat Atabaýew bilen bolan kynçylykly duşuşykda gazanan ýeňşi berdi.
Ýusup Baýramgeldiýew 7,5 utuk toplap, Mergen bilen deň barýar. Ýusup anna güni geçirilen rapid boýunça Türkmenistanyň küşt ýaryşynda onuň çempionyndan yzda galmady.
FIDE-niň ussatlarynyň ikisiniň – Nurmämmedow bilen Kakabaýewiň arasyndaky döw gyzykly boldy.
Oýnuň dowamynda şeýle ýagdaý emele geldi: ak mallar bilen oýnan Azat Nurmämmedow töwekgelçilik edip, blis-küşt oýny üçin örän seýrek kombinasiýany geçirdi.
Ýöne, bu döw nähili netije bilen tamamlandy? -- siz muny, indi däbe öwrülişi ýaly, Türkmenistanyň Küşt federasiýasynyň baş sekretary, FIDE-niň ussady Mergen Kakabaýewiň beren teswirlemesinden bilersiňiz.
Bekdurdy AMANSARYÝEW
Foto: ORIENT, wideo: Süleýman Çaryýew