Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi 6-njy dekabrda Aşgabatda boş iş orunlarynyň ýarmarkasy geçirer

Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň Aşgabat şäher müdirligi türkmen paýtagtynda boş iş orunlarynyň ýarmarkasy geçirer habar berildi diýip, bu ministrligiň resmi saýty habar berýär.
Çäre 6-njy dekabrda sagat 9:00-dan 12:00-a çenli S.Türkmenbaşy şaýoly, jaý 81 salgysynda ýerleşýän Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň binasynda geçiriler.
Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi täze işgärleri gözlemek we boş iş orunlaryny yglan etmek üçin çärä gatnaşmaga kärhanalary, guramalary we hususy telekeçileri hem çagyrýar.
Iş orunlarynyň ýarmarkasynyň çäklerinde işe ýerleşmek isleýänleriň ýanynda şahsyýetini tassyklaýan resminamasy, eger bar bolsa, zähmet depderçesi we hünär bilimini ýa-da ukyp-başarnygyny tassyklaýan resminamalary bolmalydyr.
Habarlaşmak üçin telefonlar: 92-14-56, 37-46-68, 37-46-67, 33-07-39, 92-71-70, 22-74-07.
ORIENT news
Surat: mlsp.gov.tm