Iň täze habarlar

Türkmenistanyň rapid boýunça çempionatynyň ýeňijileri yglan edildi (+ owrediji wideoşekiller)

27.11.2022 | 22:07 |
 Türkmenistanyň rapid boýunça çempionatynyň ýeňijileri yglan edildi (+ owrediji wideoşekiller)

Küşdüň çalt oýnalýan görnüşi ýa-da, başgaça aýdylanda, rapid boýunça Türkmenistanyň çempionaty tamamlandy. Ol üç gün dowam etdi, şol döwürde üstünlige beslenen umytlar we ýerine düşmedik tamalar, ýeňişiň ýakynlaşandygyny alamatlandyrýan duýgy we utulma ajylygy, çaklamalaryňa bolan ynam we pelegiň ýakymsyz oýny – hemmesi boldy.

Ýöne şol bir wagtyň özünde, rapid boýunça çempionatyň iň soňky – üçünji güni soňky pursata çenli saklan syrlarynyň hemmesini aýan etdi – owadan we barlyşyksyz oýunlaryň yzygider hatary küşt ýaryşynyň esasy bezegi boldy. Sebäbi güýçleri we taktiki taýýarlyklary mundan aňry tygşytlamagyň zerurlygy ýokdy...

2.JPEG

Zenanlaryň toparynda ýagdaý mese-mälim...

Olarda ilkinji günden başlap, küşt güýçleriniň sazlaşykly iýerarhiýasy döredi we jemleýji tapgyra çenli ony hiç kim bozup bilmedi. Lebapdan özüne göwni ýetýän Läle Şöhradowa derrew öňdeligi eýeläp, çempion diýlip yglan edilýänçä, ony elden bermedi.

Zenanlaryň arasynda rapid bäsleşiginiň jemleri boýunça ikinji ýere, sport synçylarynyň çak edişi ýaly, Türkmenistanyň häzirki çempiony (ýöne nusgawy küştde) aşgabatly Jemal Öwezdurdyýewa mynasyp boldy.

Mary welaýatynyň wekili Merjen Ýalkanowa bürünç baýragy eýelemegi başardy.

3.JPEG

Erkekler toparynda ýagdaý ozalbaşdan düşnüksiz häsiýete eýe boldy...

Ýeňer diýlip çaklanylýanlaryň arasynda, hemmeler we özleri üçin garaşylmadyk ýagdaýda, ýeňlişe sezewar bolanlar-da boldy, tersine, özlerine göwni ýetip duran ýaş türgenler bolsa, üýtgeşik emelleri arkaly tejribeli ussatlaryň kejebesini darykdyrdylar.

Küşt ussatlary çempionatyň hormat münberiniň basgançaklaryna aňsat gezelenç bolman, dartgynly bir “söweşe” öwrüljekdigine göz ýetirenlerinde, hemme zat ýerbe-ýer bolan ýalam bolsa, başlangyç tapgyrda ýitirilen utuklar ýaryş tertipnamasynda ýerleriň paýlanyşyna özleriniň “ýaramaz” täsirini ýetirdiler. Ýogsa, ORIENT -iň ozal ýazyşy ýaly, erkekleriň toparynda turuwbaşdan aýdyňlyk ýokdy.

Ýusup Baýramgeldiýew bilen Şahruh Töräýewiň arasyndaky “söweş” örän erjel boldy. Olaryň birinjisi tejribeli türgen, onuň arkasynda köp sanly ýaryşlar we ýeňişler bar, şol sanda Türkmenistanyň milli ýygyndysynda. Ol çempionatyň başyndan ahyryna çenli güýçli bäsdeşlige we öz goýberýän käbir ýalňyşlyklaryna garamazdan, öňdeligi saklamagy başardy.

Bary-ýogy ýarym utuk yza galan Şahruh Töräýew doly esasda çempionlyga dalaş edip bilerdi. Ýöne, pelegiň oýny sebäpli, bu ussat küştçi birinji tapgyrda ýaş garşydaşy Rauf Ýusupowdan utulyşa sezewar bolupdy.

Rauf hem özüne kembaha garaýanlary haýran galdyrma kemini goýmady. Bu iki garşydaşyň gyzykly döwüniň seljermesini ORIENT ýaryşyň birinji güni baradaky makalasynda beripdi.

Ýaş, ýöne geljegi uly türgen Amanmuhammet Hommadow küşt muşdaklaryny üçünji ýer bilen begendirdi. Ýaňy 16 ýaşandygyna garamazdan, ol küştde kämillik we ussatlyk görkezýär. Amanmuhammet “ökjesini basyp” gelýänlerden iki utuk artyk gazanyp, ara açmagy başardy. Milli çempionatda bürünç baýraga mynasyp bolmak – ýaş türgen üçin uly üstünlik.

Erkek türgenleriň arasynda bu öňdebaryjylaryň “üçlügi” hormat münberinde öz mynasyp orunlaryny eýeledi.

Çempiyonatyň ýüze çykaran ýene bir möhüm hakykaty – ýeňijileriň dürli welaýatlardan, şol sanda Aşgabatdan bolmagydyr, bu bolsa ýurtda küşt oýnunyň sport görnüşi hökmünde ösüş derejesiniň we türgenleriň ussatlyk derejesiniň ähli sebitlerde deňeçerräkdigini görkezýär.

4.JPEG

Makalanyň soňunda, däp bolşy ýaly, ORIENT Baýramgeldiýew bilen-Myradowyň, biziň pikirimizçe, diýseň gyzykly bolan oýunyny seljermek üçin Türkmenistanyň Küşt federasiýasynyň Baş sekretary, FIDE ussady Mergen Kakabaýewe söz berer.

Häzirki wagtda iň güýçli türgen hasaplanýan Ýusup Baýramgeldiýewi eýgermek diňe Soltan Myradowa başardar diýlip çaklanylýardy. Eger, aklar bilen oýnaýan Baýramgeldiýewi deňme-deň hasap kanagatlandyrýan bolsa, garalar bilen göçüm edýän Soltan Myradowa diňe ýeňiş gerekdi.

... Şeýle-de bolsa, Soltan özüne edilen ynamyň jogapkärçilikli ýüküniň hötdesinden gelibilmedi.

Ertir küşt söýüjilere ýene bir gyzykly tomaşa - Türkmenistanyň Blis boýunça çempionaty garaşýar.

Küşt federasiýasynyň başlygy Wepa Mälikgulyýew bu ýaryşda ýakyn geljekde türkmen küşdüniň ösmegine itergi berjek täze zehinleriň ýüze çykjakdygyna ynanýar.

Biraz soňra türkmen küşdüniň ösüşine, belki, şu suratda synlaýan körpelerimiz öz mynasyp goşantlaryny goşarlar.

5.JPEG

Bekdurdy AMANSARYÝEW

Şeýle hem okaň: