Rapid we blis boýunça Türkmenistanyň çempionaty: garşydaşyňa kembaha seretmeli däl

Çarşenbe güni Aşgabadyň küşt we şaşka merkezinde Rapid we blis boýunça Türkmenistanyň çempionaty badalga aldy. Global pandemiýa sebäpli ara düşen uzak arakesme halkara ýaryşlaryň, şonuň netijesinde bolsa döwlet derejesinde geçirilýän ýaryşlaryň tertibine öz düzedişlerini girizdi, şol sebäbli bu ýaryş köp garaşylan ajaýyp çärä öwrüldi. Aslynda, Rapid we blis boýunça resmi çempionatlar ozal hiç wagt Türkmenistanda geçirilmändi.
Bu ýaryşa ýurduň iň gowy küştçüleri uly höwes bilen gatnaşýar, elli töweregi erkek we otuz zenan küştçüleriniň arasyndan seçilip, halkara ýaryşlarynda, şol sanda dekabr aýynda Gazagystanda geçiriljek dünýä çempionatynda çykyş etmek üçin ýurduň ýygyndy toparyny döretmek göz öňünde tutulýar. Bu öňde goýlan maksatlar barada...
Aşgabat ýaryşlaryna dürli hünärdäki, ýaşdaky dürli milletleriň wekilleri gatnaşýarlar. Türgenleriň iň ýaşy heniz 7 ýaşyna ýetmedik bolsa, iň ulusynyň ýaşy eýýäm 78-den geçdi. Çekilen bijäniň netijesine görä, bu iki küştçiniň ýaryşyň ilkinji tapgyrynda bir küşt tagtasynyň başynda duşuşmagy diýseň geň galdyryjy ýagdaý.
Türkmenistanyň Küşt federasiýasynyň başlygy Wepa Mälikgulyýew çempionata gatnaşyjylary ýaryşlaryň başlanmagy bilen gutlady we federasiýanyň maglumat hyzmatdaşy hökmünde ORIENT-iň ýolbaşçysyna bäsleşigiň başlanandygyny alamatlandyrýan ilkinji simwoliki göçümi etmek hukugyny berdi.
Birinji tagtada aklar bilen aşgabatly tejribeli küştçi Karen Grigorýan, garalar bilen bolsa daşoguzly Sanjarbek Awezow oýnamalydy. Eger-de men, siziň sadyk guluňyz, “On iki oturgyçdan” Ostap Bender arkaly giňden tanalýan e2-e4 (ispan küşt oýnunyň açylyşy) göçümini etmek islän bolsam, Karen Arkadýewiç d2–d4 çöçümini (Şa aýal gambiti) etmegi haýyş etdi. Onuň muňa doly hukugy bar.
Wagtynda Türkmenistanyň zenanlar Milli ýygyndy toparyna tälim beren Karen Grigorýanyň ýeňjegine hemmeler ynanýardy. Hawa, Karen Arkadýewiçiň özem birinji tapgyrdan ýitgisiz geçjegine şübhelenmeýärdi. Şeýle-de bolsa, oýun diňe bir tutanýerli bolman, eýsem surnukdyryjy häsiýete eýe boldy. Ýaş Sanjarbek, iň tejribeli Karen Arkadýewiçe erkinlik bermek islemän, garşydaşyny ýadatmaga çalşyp, kombinasiýalary guruşdyrdy. Netijede, oňa maksadyna ýetmek hem başartdy.
– Eh, Ostap Ibragimowiç Bender ýaly, oýny küşdüň ispan açylyşyndan başlamalydy – diýip içimi gepletdim. – Oňa-ha Wasýukide bu-da kömek etmändi, ol ähli partiýalarda ýerli küştçülere utdurdy. Şeýle-de, garşydaşyň o diýen tejribesi bolmasa-da, oýna çynlakaý çemeleşilse, has gowy bolardy.
Şeýle-de bolsa, bu meşhur küştçüler üçin soňky sapak bolmady. Rapid we blis boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň birinji güni hemmeleri – guramaçylary-da, türgenleri-de, janköýerleri hem geň galdyrmagyny dowam etdi. Bu ýaryşda güýçli garşydaşlaryna garşy gyzykly oýun hödürläp, taýýarlygyň gowy derejesini görkezen täze türgenler özleri barada mälim etdiler. Ýaş we hatda örän juwan türgenler, atlaryna, derejelerine we tejribesine garamazdan, ýaşy uly küştçüler bilen des-deň derejede oýnadylar we arasynda utanlaram boldy.
Birinji günüň bäş tapgyrynda erkekler we zenanlar kategoriýalarynda öňdebaryjylar kesgitlendi. Ahal welaýatynyň wekili Ýusup Baýramgeldiýew erkekleriň arasynda, lebaply Lala Şöhradowa bolsa zenanlaryň arasynda bäş ýeňiş gazanyp, absolýut netije görkezdiler.
Lalanyň ýeňişlerine garaşylýardy, sebäbi ol tejribeli küştçi, Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň köp ýyl bäri ýokary hünär derejesinde yzygiderli çykyş edip gelýän agzasy.
Türkmenistanda erkek adamlar boş wagtyny küşt tagtasynyň başynda geçirmegi hemişe-de halaýardylar, soňky ýyllarda gelin-gyzlar tarapyndan hem bu akyl-paýhas oýnuna gyzyklanma bildirilmegi ýurduň sport guramaçylaryny örän begendirýär.
Ýaryşyň bir gününiň netijeleri boýunça öňdebaryjy welaýatlary kesgitlemek mümkin däl, ýöne häzirki wagtda Ahal bilen Lebabyň küştçüleriniň has durnukly netijeleri görkezýändigini aýdyp bileris.
Ilkinji tapgyrlaryň netijeleri boýunça çempionatyň gutarnykly jemini çaklamak aňsat däl – öňde ýene 10 tapgyr bar we ýagdaýyň islendik pursatda düýpgöter üýtgemegi ahmal. Esasanam, erkekler toparynda. Ýöne zenanlaryň toparynda-da aýdyňlyk ýok, sebäbi olaryň arasynda indiki tapgyrlarda garaşylmadyk netijeleri berip biljek güýçli küştçüleriň birnäçesi bar.
Mysal üçin, ýokarda ady agzalan Lala Şöhradowadan başga-da, onuň uýasy Leýla Şöhradowa, şeýle hem, Türkmenistanyň çempiony Jemal Öwezdurdyýewa, meşhur küştçüler Gözel Mättaganowa, mekdep okuwçylarynyň arasynda dünýä çempiony Annagözel Mekanowa dagylar bar.
Şonuň üçin, zenanlar toparynda diýseň güýçli bäsdeşlik bar we ýaryş ýagdaýy, Aşgabadyň howasy ýaly, islendik pursatda üýtgäp biler.
ORIENT Türkmenistanda soňky wagtda sportuň küşt görnüşiniň galkynyş döwrüni başdan geçirýändigi barada ozal habar beripdi. Şeýlelik bilen, ýaňy-ýakynda Delide geçirilen Aziýa çempionatynda biziň watandaşlarymyz, global pandemiýa bilen bagly uzak wagta çeken arakesmeden soň nusgawy küşt, şeýle hem blis bäsleşikleri boýunça oýnuň guwanmaga mynasyp derejesini görkezdiler.
Bu çempionatyň ilkinji güni barada aýdylanda bolsa, Türkmenistanyň Küşt federasiýasynyň baş sekretary, FIDE ussady Mergen Kakabaýewiň pikiriçe, iň tolgundyryjy göreş ikinji tagtada Rauf Ýusupow (8 we 10 ýaşa çenli oglanlaryň arasynda Türkmenistanyň iki gezek çempiony) bilen Şahruh Töräýewiň (reýtingi 2200-den ýokary bolan küşt boýunça sport ussady) arasynda ýaýbaňlandy.
Hemmeler tejribeli ussadyň dessine ýaş türgeniň eminden gelerine garaşýardylar, ýöne her bir zatda bolşy ýaly, küşdüň hem öz şowlulygy bar.
Türkmenistanyň Küşt federasiýasynyň baş sekretary Mergen Kakabaýewden bu oýna teswir bermegini haýyş etdik.
Ýaş zehin Rauf Ýusupow bilen meşhur ussat Şahruh Töräýewiň arasyndaky oýun şeýdibem tamamlandy.
Penşenbe – Blis we rapid boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň ikinji güni. Ol, synçylaryň pikiriçe, ýaryşyň utuk tablisasyna aýdyňlyk girizer. Çempionata gatnaşyjylar hem, olaryň janköýerleri-de küşt söweşlerine ykjam taýynlyk görýärler.
Sözüň göni hem göçme manysynda “uly küşdüň” syrlar ýumagyny çöşlemek üçin, körpelerem serini durlap, taýýarlanýarlar. Hut, şu taýda görnüşi ýaly...
Bekdurdy AMANSARYÝEW