Samsung

Çalt oýnalýan küşt boýunça Türkmenistanyň çempionaty: dartgynlylyk saklanýar

Çalt oýnalýan küşt boýunça Türkmenistanyň çempionaty: dartgynlylyk saklanýar

Penşenbe güni Aşgabadyň küşt-şaşka merkezinde çalt oýnalýan küşt boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň iki günji geçirildi?

Guramaçylar oňa nähili baha berdiler?

– Eger çempionatyň ikinji gününi onuň birinji güni bilen deňeşdirseň, ýaryşlar şu gün has erjel we ynamly boldy. Bu hem düşnükli, çünki şu günki netijeler köp babatda ýaryşyň jemleýji tapgyrynda güýç synanyşylanda kesgitleýji bolup biler – diýip, Türkmenistanyň Küşt federasiýasynyň başlygy Wepa Mälikgulyýew hasap edýär.

Onuň pikiri bilen bu federasiýanyň Baş sekretary, FIDE-niň ussady Mergen Kakabaýewiň beren bahasy birmeňzeş:

-Hökman ýeňmek islegi, ilkinji nobatda, çempionatyň erkekler toparynyň öňdebaryjylarynyň arasynda göze ildi. Eger zenanlar toparynda Lebapdan Läle Şöhradowanyň birinji orna mynasyp bolmagynyň mümkindigini belli bir derejede ynamly çaklap bolsa-da, erkekleriň toparynda küştçileriň birnäçesiniň ynamly oýnuna garamazdan, çempionlyk baradaky mesele açyklygyna galýar.

Ýaryşy guraýjylaryň pikirleri bilen köp synçylar ylalaşýarlar. Zenanlaryň toparynda Läle Şöhradowa küşti çalt oýnamakda esasy garşydaşlaryndan hem üstün çykyp, çempionatyň iki gününiň dowamynda hemme döwlerini ynamly ýeňiş bilen tamamlady. Ol doly bahany – mümkin bolan on utukdan onusyny gazandy! Şoňa görä-de, oňa häzirki günde çempionlyk ugrundaky göreşde hiç hili taý tapylmaýar. Onuň ýakyn alkymyndaky garşydaşlaryna ikinji orun ugrunda göreşmek galýar.

Erkekleriň toparynda, düýn hem bolşy ýaly, Ahal welaýatyndan Ýusup Baýramgeldiýew az ýitgiler bilen barýar. Ol esasy garşydaşlaryndan iň azyndan bir utuk öňde barýar. Ýsubyň mümkin bolan on utukdan dokuz utugy bar. Onuň öňüne diňe bir küştçi – reýtingi 2200-den ýokary bolan sport ussady Şahruh Turaýew (onuň oglanlaryň arasynda Türkmenistanyň iki gezek çempiony Rauf Ýusupow bilen geçiren oýnuna ORIENT düýnki synynda seljerme berdi) geçip biler.

Şahruh Turaýew – iň ýakyn alkymyndaky garşydaşy – ol on döwden iki utulyşy bilen ýaryş tertipnamasynda ikinji orunda barýar. Şoňa görä-de, erkekleriň toparynda dartgynlylyk saklanýar. Ýöne, haçana çenli?

Ýaryşyň geçişiniň dartgynlydygyna garamazdan, ýaş küştçileriň durnukly sportdaky hyjuwy hem-de görkezýän oýunlary begendirýär – 16 ýaşy dolýan Läle Şöhradowanyň netijesi doly bahaly. Onuň yzýany bilen deň-duşy Merýem Agajanowa barýar, ol diňe bir döwi utuldy. Ondan hemme utuklary gazanan Läle Şöhradowa üstün çykdy. Bu bolsa Merýemiň sport üstünliginden rüstem gelýär. Onuň şu gezekki gazanan üstünlikleriniň hatarynda ýurduň häzirki çempiony Jemal Öwezdurdyýewadan şu gün ýeňiş gazanandygyny görkezip bolar.

Ozal halkara soprt giňişliginde uly üstünlikleri esasan Türkmenistanyň ýygyndy topary gazanýardy. Şu ýylyň fewral aýynda milli küşt federasiýasyna täze ýolbaşçylaryň, ilkinji nobatda, onuň başlygy Wepa Mälikgulyýewiň hem-de baş sekretarynyň, FIDE-niň ussady Mergen Kakabaýewiň saýlanmagy bilen zenanlaryň küşt oýnamagyny wagyz etmek we ösdürmek boýunça maksada gönükdirilen işler başlandy.

Erkekleriň arasynda ýokary ligadan zenanlara niýetlenen orunlar açyldy. Bu bolsa erkekleriň toparyna gyzlaryň biriniň gatnaşyp biljekdigini aňladýar. Mümkinçiliklerden ugur alnyp, bilelikdäki türgenleşikler geçirilip başlandy. Şeýle ädim zenan küştçileriniň erkekler bilen bile oýnap, olaryň tejribelerini has işjeň kabul etmek üçin ädildi.

Häzirki ýaryş, ozal hem aýdylyşy ýaly, ýurduň ýygyndy toparyna halkara ýaryşlaryna gatnaşmak üçin häzirki günde has güýçli küştçileri saýlap almak maksadyny özünde jemleýär. Şol halkara ýaryşlarň esaslarynyň hatarynda 25-30-njy oktýabrda Almatyda geçiriljek dünýä çempionaty bar. Eger Läle Şöhradowa häzirki ýaryşda ýeňiş gazansa, onda ol dünýä birinjiligi ugrundaky ýaryşa ýollanma alyp, ol ýerde erkekleriň toparynyň düzüminde çykyş edip biler. Mergen Kakabaýew bolsa ýygyndy toparyň tälimçisi hökmünde blis-çempionatynyň hut şu tapgyrynda çykyş etmegi oňa maslahat berýär.

Anna güni, çalt oýnalýan küşt boýunýa Türkmenistanyň çempionatynyň jemleýji gününde oýunlaryň ýene-de bäş tapgyry geçiriler. Hemmeler erjel, ýöne şol bir wagtda-da gyzykly oýuna garaşýarlar. Ýöne, ýaňy hem belleýşimiz ýaly, dartgynlylyk diňe erkekleriň toparynda saklanýar. Guramaçylaryň pikirine görä, näbellilik iň soňky tapgyra çenli saklanar.

Şu gün esasy üns Ýusup Baýramgeldiýewiň oýnuna jemlener. Iň alkymyndaky garşydaşyndan bir utuk tapawudy oňa belli bir derejede ýeňillik berýär.

Şahruh Turaýew esasy bäsdeşiniň dokuz utugynyň garşysyna sekiz utugy bilen onuň yzyndan “ökjesini basyp” gelýär. Yz ýany bilen çempionlyk adyna nazary taýdan bäsleşip biljek küştçileriň birnäçesi barýar, ýöne, amaly tarapdan seredeniňde, olaryň arzuwynyň amala aşjagy ikuçlydyr. Olaryň esasy göreşi ikinji we üçünji orunlar üçin ýaýbaňlanar. Birinji orun üçin bolsa ýokarda ady agzalan liderler güýç synanyşarlar.

Şeýle diýip, ýygyndy toparyň tälimçisi FIDE-niň ussady Mergen Kakabaýew hasaplaýar. Biz ondan şu gezek hem onuň pikirine görä gyzykly bolan oýny teswirläp bermegini haýyş etdik.

Bekdurdy AMANSARYÝEW