Samsung

USAID-iň Häzirki zaman hünärleri ösdürmek taslamasy “Sanly Bilim” kompaniýasy bilen bilelikde “TechYouth Bootcamp” maksatnamasynyň amala aşyrýandygy barada habar berýär

USAID-iň Häzirki zaman hünärleri ösdürmek taslamasy “Sanly Bilim” kompaniýasy bilen bilelikde “TechYouth Bootcamp” maksatnamasynyň amala aşyrýandygy barada habar berýär

USAID-iň Häzirki zaman hünärleri ösdürmek taslamasy “Sanly Bilim” kompaniýasy bilen bilelikde “TechYouth Bootcamp” maksatnamasynyň amala aşyrýandygy barada habar berýär. Bu maksatnamanyň çäklerinde sanly bilim ulgamyna degişli bolan şu aşakdaky ugurlar boýunça tölegsiz okuwlar gurnalar:

1.Web-sahypalary işläp düzmek
2.Mobile programmalary işläp düzmek
3.Grafiki we UI/UX dizaýny
4.IT ulgamlaryna tehniki hyzmat etmek we dolandyrmak

Okuwlaryň dowamlylygy: 2022-nji ýylyň dekabr aýyndan 2023-nji ýylyň iýun aýyna çenli.

Bu okuwlara 18-25 ýaş aralygyndaky Türkmenistanyň raýatlary gatnaşyp bilerler.

Gatnaşmak üçin şu baglanyşykdaky https://forms.gle/AbkAXMsbcJtiQoau9 hasaba alyş anketany 2022-nji ýylyň dekabr aýynyň 3-ne sagat 18:00-a çenli doldurmaly.

Gatnaşyjylar anketalaryň we ýüzbe-ýüz söhbetdeşlikleriň netijeleri esasynda saýlanarlar.