Samsung

Serdar Berdimuhamedow: Türkmenistan we BAE gatnaşyklaryň täze derejesine çykýar

Serdar Berdimuhamedow: Türkmenistan we BAE gatnaşyklaryň täze derejesine çykýar

Sişenbe güni Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Abu-Dabide ikitaraplaýyn forumda çykyş edip, BAE bilen ykdysady gatnaşyklaryň derejesine we mümkinçiliklerine ýokary baha berdi.

“Häzir Türkmenistan bilen BAE-niň arasyndaky gatnaşyklary täze derejä çykarmak üçin hemme mümkinçilikler bar” diýip, türkmen lideri aýtdy. Ol Dragon Oil kompaniýasynyň alyp barýan işlerini belläp, ÝET hyzmatdaşlygyň has möhüm ugurlarynyň hatarynda görkezdi hem-de BAE-niň beýleki kompaniýalaryny Türkmenistanyň gazhimiýa pudagy bilen birlikde, nebitgaz taslamalaryna gatnaşmaga çagyrdy.

Şeýle hem Türkmenistanyň Baştutany ulag ulgamynda, şol sanda deňiz portlaryň derejesinde hem-de ýaşyl energetika, söwda we maliýe ulgamlarynda, iki ýurduň telekeçilik düzümleriniň arasynda özara gatnaşyklaryň ösdürilmegi ugrunda pikirini beýan etdi.

BAE-niň daşary söwda ministri Tani bin Ahmed Al-Zeýudi çykyşynda emirlikler-türkmen ykdysady hyzmatdaşlygynyň giň gerimliligi bilen häsiýetlenýändigini, şoňa görä-de, häzir hökümet derejesinde bolşy ýaly, hususy ulgam derejesinde hem bilelikde hereket etmegiň hemme ugurlary gurşap alýan söwda meýilnamanyň bardygyny belledi. Ol häzirki işewürlik-forumynyň harytlaryň we maýa goýumlaryň akymyny ýeňilleşdirmäge, özara maýalary we söwdany artdyrmaga ýardam etjekdigine umyt bildirdi.

Abdulla Mohammed Al Mazrui, Emirlikleriň Söwda palatalary federasiýasynyň prezidenti we Abu-Dabiniň Söwda palatasynyň direktorlar geňeşiniň başlygy dürli derejelerde emirlikler-türkmen gatnaşyklarynyň ösüşine ýokary baha berdi. Onuň sözlerine görä, 2021-nji ýylda iki ýurduň arasynda uglewodorod ugry bilen baglanyşykly bolmadyk daşary söwdanyň möçberi ABŞ-nyň 255,3 million dollaryna ýetdi we Türkmenistanyň maýa goýumlaryny höweslendirýän möhüm geografik we tebigy taýdan amatly ýerleşmek artykmaçlyga eýe bolmagyny göz öňünde tutanyňda, bu görkeziji ýokarlanyp biler.

Forumyň çäklerinde Türkmenistan bilen BAE-niň arasynda hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça Ylalaşyklaryň üçüsine: Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi bilen «Abu Dhabi Ports Group» kompaniýasynyň arasynda aýan etmezlik hakynda Ylalaşyga; «Türkmenenergo» döwlet elektroenergetika korporasiýasy bilen «Abu Dhabi Future Energy Сompany (Masdar)» kompaniýasynyň arasynda taslamalary ösdürmek bilen bagly bilelikde işlemek hakynda Ylalaşyga; Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky bilen Birinji Abu-Dabi bankynyň arasynda hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşyga gol çekildi.

Forumyň dowamynda has möhüm maýa goýum taslamalarynyň tanyşdyrmalary hem-de birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.

ORIENT news