Samsung

BAE-niň Masdar kompaniýasy Türkmenistanyň alternatiw energiýa bazaryna girýär

BAE-niň Masdar kompaniýasy Türkmenistanyň alternatiw energiýa bazaryna girýär

Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň «Türkmenenergo» döwlet elektroenergetika korporasiýasy bilen «Abu Dhabi Future Energy Сompany (Masdar)» kompaniýasynyň arasynda Türkmenistanda umumy gurnalan kuwwaty 100 MW bolan gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri boýunça taslamalary ösdürmek bilen bagly bilelikde işlemek hakynda Ylalaşyga gol çekildi.

Gol çekişlik dabarasyna Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen BAE-niň Daşary söwda ministri Tani bin Ahmed Al Zeýudi gatnaşdylar. Şertnama Abu-Dabide “Türkmenistan-BAE” işewürlik maslahatynyň çäklerinde Masdaryň ýerine ýetiriji direktory Muhammet Jamil Al-Ramahi we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň başlygynyň orunbasary Çarymyrat Pürçekow tarapyndan gol çekildi.

Bu şertnama Masdar bilen Türkmenistan hökümetiniň arasynda 2021-nji ýylyň oktýabr aýynda döwlet-hususy hyzmatdaşlygy esasynda Türkmenistanda gün we ýel energiýasy taslamalarynyň ösüş we maýa goýum mümkinçiliklerini öwrenmek üçin gol çekilen Memoranduma esaslanýar.

Çarymyrat Pürçekow: “Bu resminama gün we ýel elektrik stansiýalarynyň gurluşygy babatda baý tejribe toplan Masdar kompaniýasynyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň elektrik energiýasy pudagynyň ösüşinde täze tapgyryň başlangyjynyň nyşanydyr. Hyzmatdaşlyk uzakmöhletleýin häsiýete eýe bolar diýip, umyt edýäris" – diýip aytdy.

Mohammed Jamil Al Ramahi: “Merkezi Aziýada köp sanly taslamalary bolan Masdar gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri boýunça dünýä lideri hökmünde, Türkmenistanda gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri pudagynyň ösüşini goldamak üçin zerur bolan bilimlere we tejribä eýe. Şertnama gol çekilmegini goldaýarys we kompaniýanyň Türkmenistanda ilkinji taslamasy boljak 100 MWt gün fotoelektrik zawody taslamasynyň üstünlikli durmuşa geçiriljekdigine ynanýarys" – diýip belledi.

Türkmenistan energiýa infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmagy we uglewodorodlara garaşlylygyny azaltmagy maksat edinýär. Ýurtda dünýäniň iň uly gaz gorlarynyň bolşy ýaly, gün şöhlesiniň we güýçli ýel akymlarynyň ýyllyk bol derejesi ýaly tebigy artykmaçlyklarynyň bolmagy ýurduň gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerine geçmegine amatly şert döredýär.

“Türkmenenergo” Türkmenistanda elektrik öndürmek, geçirmek we paýlamak üçin jogapkär döwlet edarasydyr.

Gaýtadan dikeldilýän çeşmelerden energiýa öndürmek bilen meşgullanýan Masdar kompaniýasynyň ştab-kwartirasy Abu-Dabide ýerleşip, ol Abu-Dabi hökümetiniň strategiki maýa goýum kompaniýasy bolan Mubadala Investment Company degişlidir. Häzirki wagtda Masdar BAE, Iordaniýa, Saud Arabystany, Mawritaniýa, Müsür, Marokko, Angliýa, ABŞ, Awstraliýa, Ispaniýa, Serbiýa, Hindistan, Indoneziýa, Özbegistan ýaly dünýäniň 40 ýurdunda işleýär.

ORIENT news