Iň täze habarlar

Türkmenistan bilen BAE iki ýurduň portlarynyň arasyndaky özara gatnaşyklary möhüm hasaplaýarlar

23.11.2022 | 01:32 |
 Türkmenistan bilen BAE iki ýurduň portlarynyň arasyndaky özara gatnaşyklary möhüm hasaplaýarlar

21-nji noýabr, duşenbe güni Abu Dabide Prezident Serdar Berdimuhamedow bilen Şeýh Muhammet bin Zaýed Al Nahaýýanyň arasynda geçirilen gepleşiklerde Ulag-logistika pudagy Türkmenistan bilen BAE-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň strategiki ugry hökmünde bellenildi.

Iki ýurduň portlarynyň arasynda özara gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň halkara ulag geçelçelerini ösdürmekde täze mümkinçilikleri açýandygy bellenildi. Hususan-da, Türkmenbaşy porty bilen BAE-niň portlarynyň arasynda aragatnaşyk ýollaryny döretmek meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Bu maksat ýokary derejede geçirilen duşuşygyň netijeleri boýunça kabul edilen Türkmenistan bilen BAE-nyň Bilelikdäki beýannamasynda-da öz beýanyny tapdy.

Туркменистан и ОАЭ заявили о важности взаимодействия между портами двух стран

"Taraplar ikitaraplaýyn ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmekde ulag aragatnaşygynyň möhüm ornuny aýratyn bellemek bilen, bu meselede Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň halkara portlarynyň arasynda özara gatnaşyklaryň zerurdygyny aýtdylar" – diýlip, beýannamada aýdylýar.

Prezident Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygyndaky Birleşen Arap Emirliklerine sapar amala aşyrýan Türkmenistanyň hökümet delegasiýasynyň düzümine ýurduň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýa agentliginiň baş direktory Mämmethan Çakyýew hem girýär.

Ozal, 2022-nji ýylyň sentýabr aýynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýa agentligi we Abu Dhabi Ports Group özara düşünişmek hakynda Memoranduma gol çekdiler.

Abu Dhabi Ports Group BAE-de port, senagat we logistika operatory bolup, 11 porty we terminaly (konteýner, esasy ýükler, Ro-Ro, kruiz) dolandyrýar, halkara söwdanyň ösmegine ýardam bermek bilen, ykdysady zolaklaryň, deňiz, logistika we sanly işewürligiň toplumlaýyn maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirýär.

ORIENT news

Şeýle hem okaň: