Türkmenistanda Bütindünýä çagalar güni bellenildi

Her ýyl 20-nji noýabrda köp ýurtlarda Bütindünýä çagalar güni bellenilýär. Bu baýram BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 69 ýyl mundan ozal yglan edildi. Şol gün 1959-njy ýylda çagalaryň hukugynyň Jarnamasy, 1989-njy ýylda bolsa Çagalaryň hukugy hakynda konwensiýa kabul edildi.
Şondan bäri bu baýram çagalaryň bütindünýä doganllygynyň we özara düşünişmeginiň güni hökmünde bellenilýär. Ol ýekşenbe güni Türkmenistanda-da maglumat-aň-düşünje beriş möwsümleriniň tapgyrlarynyň geçirilmegi arkaly bellenildi.
Ýurduň Telekeçiler we senagatçylar birleşmesi, ABŞ-nyň ilçihanasynyň maglumat-serişdeler merkezi, BMG-niň Neşe serişdelerine we jenaýatçylyga garşy göreşmek baradaky müdirliginiň Türkmenistandaky wekilhanasy, şeýle hem “Ýenme” jemgyýetçilik guramasy bilen hyzmatdaşlykda ÝUSAID-iň “Merkezi Aziýada howpsuz migrasiýa” atly maksatnamasy bu çäreleriň guramaçylary bolup çykyş etdiler.
Şeýle çäreleriň biri “Berkarar” söwda-dynç alyş merkezinde aň-düşünje artdyryş mazmunly şadyýan çärä beslendi.
Bularyň ählisiniň neneňsi bolup geçendigi Şükürgeldi Myradowyň reportažynda we Süleýmän Çaryýewiň fotosuratlarynda beýan edilýär.
ORIENT news