USAID türkmen senetkärleriniň önümleriniň dünýä bazarlarynda satuwynyň artmagyny goldaýar

USAID, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň goldawy bilen, şeýle hem “Orlan” konsalting kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda şenbe güni Handmade Exports-2022 başlangyç synag maksatnamasynyň (el işleriniň eksporty) çäginde jemleýji çäräni geçirdi.
Çäräniň myhmany bolmak (käbirleri bolsa oňa gatnaşmak) üçin türkmen paýtagtynyň Olimpiýa şäherçesiniň “Sport” myhmanhanasynyň mejlisler zalyna diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň işgärleri (olaryň arasynda ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi Metýu Klimou aýaly bilen, Gruziýanyň ilçisi Konstantin Sabiaşwili, Fransiýanyň ilçisi Izabel Ginel, BMG ÖM-nyň Türkmenistandaky hemişelik wekili Narine Saakýan we beýlekiler bar), täjirçilik düzümleriniň ýolbaşçylary we işgärleri, aglaba köpüsi ýaşlardan ybarat bolan köpsanly aşgabatlylar ýygnandylar.
Daşary ýurtly hünärmenler, şol sanda Amerikanyň Albukerke şäherinden (bu Aşgabadyň dogan şäheridigini ýada salýaryn) “HoomArts Fair Trade” atly onlaýn dükanyny esaslandyryjy Rikki Kwintana we beýlekiler onlaýn formatda çärä gatnaşyjylara goşuldylar.
Dürli ýaşdaky we dürli kärdäki adamlaryň bu derejede ünsüni çekmegi başaran bu nähili taslamaka?
Milli miras döwlet derejesinde aýalyp saklanýan Türkmenistanda amaly-haşam sungaty bilen çynlakaý meşgullanýan ussatlar juda köp. Olaryň köpüsi bu döredijilik işiniň inçe syrlaryny, ene-atalarynyň öz pederlerinden öwrenişi ýaly, olardan öwrenip, nesilden-nesle geçirýärler.
Emma, gynansak-da, häzirki çeper senetkärler işiň inçe tilsimlerine we usullaryna eýe bolsalar-da, öz gaýtalanmaz derejede ajaýyp el işlerini ýerleşdirmek boýunça telekeçiligi alyp barmakda ýeterlik derejede sowatly däl. Handmade Exports-2022 taslamasynyň maksady – türkmenistanly çeper senetçilik ussatlaryna önümlerini eBay, Amazon, ETSY ýaly global elektron söwda kanallary arkaly halkara bazarlaryna satuwa çykarmakda ýardam bermekdir.
USAID-iň Türkmenistanda telekeçiligi we işewür gurşawy ösdürmek taslamasynyň müdiri Wepa Mälikgulyýewiň düşündirişi ýaly, Handmade Exports taslamasy iki tapgyrda geçirildi. Birinjisi 2021-nji ýylyň maý aýyndan 2022-nji ýylyň martyna çenli, ikinjisi bolsa şu ýylyň aprel-oktýabr aýlaryny öz içine aldy.
Bu döwürde ussat telekeçileriň iki akymy ýörite okuwlara gatnaşyp, olaryň dowamynda taslama gatnaşyjylara daşary ýurtly hünärmenler – eBay boýunça halkara hünärmen Fabian Stahelin we B2B model dizaýny boýunça halkara hünärmen Munira Akilowa tarapyndan geňeşmeler geçirildi.
Handmade Exports maksatnamasyna gatnaşanlaryň onlarçasy önümiň dizaýny, sosial media marketing, fotosurat we sanly marketing, mahabat we tanyşdyryş tekstlerini, şekil şygarlaryny we ş.m. taýýarlamak ýaly ugurlarda zehinli hünärmenleriň tejribelerini öwrenmäge mümkinçilik aldylar.
Şeýle hem, bu maksatnama türkmen senetçilik önümlerine isleg bildirilýän esasy bazar bolup durýan ABŞ-daky täze işewür hyzmatdaşlar we onlaýn dükanlar bilen hyzmatdaşlyk üçin oňat mümkinçilikler döretdi.
Şenbe güni bolsa bäsleşigiň jemleýji tapgyry bolup, onda amaly-haşam sungaty ulgamynda işleýän telekeçileriň öňdebaryjylarynyň arasyndan alty sany ussat öz iş taslamalaryny, önümlerini emin agzalarynyň garamagyna hödürläp, olar Handmade Exports taslamasy arkaly ýeten üstünlikleri barada gürrüň berdiler.
Abraýly eminlere bolsa el hünäriniň nepis işleri bäsleşiginiň ýeňijilerini kesgitlemek ynanyldy. Munuň üçin alty sany baha beriş kriteriýasy düzüldi:
1. Işewürlik modeliniň mazmuny; 2. Taslamany durmuşa geçirmegiň derejesi; 3. Häzirki zaman tehnologiki çözgütleriň ulanylyş derejesi; 4. Toparyň hili we bäsleşige gatnaşyjylaryň gurmagy başaran gorlar toplumy; 5. «Handmade Export 2022» maksatnamasynyň gidişinde gazanylan üstünlik; 6. Diňleýjileri we emin agzalaryny özüne çekmek we ynandyrmak ukybyny goşmak bilen bir hatarda tanyşdyrylyşyň hili.
Bäsleşige gatnaşyjylaryň hersine prezentasiýa üçin 5 minut, sorag-jogap alyşmak üçin 3 minut wagt kesgitlendi.
Göräýmäge o diýen çylşyrymly bolmadyk, ýöne tutanýerli göreşde ussatlaryň üçüsi – Anna Saparowa, Isgender Kerimow we Jeren Gurbanowa ýeňiji bolmagy başardylar.
Birinji ýeri ýedi ýyldan gowrak wagt bäri milli bezeg elementleri bolan ýantorbalarynyň dizaýny we tikini bilen meşgullanýan Anna Saparowa eýeledi. Annanyň sözlerine görä, ol adamsy we iki gyzyndan ybarat maşgalasy barada aladalaryny ýeňillik bilen öz gowy görýän pişesi bilen birleşdirip, alyp barýar.
Anna, şeýle hem, söwda pudagynda täze bilim almaga, sosial ulgamlarda özüne ýazylan okyjylaryň sanyny köpeltmäge we olaryň üsti bilen täze iri sargytlary almaga, öz işiniň halkara eBay we içerki “Ynamdar” marketpleýslerinde hasaba alynmagyna, şeýle-de iri halkara sergilere gatnaşmaga mümkinçilik beren taslamanyň guramaçylaryna minnetdarlyk sözlerini aýdýar.
Ikinji ýer 2016-njy ýyldan bäri şahsy telekeçilik bilen meşgullanyp gelýän Isgender Kerimowa degişlidir. Bäş ýyl soňra ol "Tebigy boýaglar" manysyny berýän "Tebigat reňkleri" atly brendini esaslandyrdy.
Gaýratly Isgenderiň şygary: “Gowy etmek isleseň, özüň et!”. Mundan başga-da, Isgender okuw we soňy bilen oňa gatnaşyjylaryň özbaşdak işini guramaga gönükdirilen «Women TeleWork» sosial taslama-da ýolbaşçylyk edýär. Oba hojalygyny we täze tehnologiýalary öwrenmek, şeýle hem tematiki suratlary düşürmek we ýörite edebiýat okamak ýaş telekeçiniň halaýan işleriniň hataryna girýär.
Üçünji ýere bolsa, bäş ýyllyk tejribesi bolan dizaýner Jeren Gurbanowa mynasyp boldy. Ol özüniň “TurkmenART” atly brendini üstünlikli öňe sürýär. Jeren önümleriniň hersini öz eli bilen we öz eskizlerine görä işläp taýýarlaýar. Ussadyň pikiriçe, Handmade Exports taslamasy oňa telekeçilige sowatly çemeleşmegi, satuw ýollaryny we girdeji gazanmagyň usullaryny, şeýle-de surata düşürmek sungatyny öwretdi.
Jeren eBay halkara marketpleýsinde dükanynyň açylmagyny (ol ýerde onuň önümleriniň bahasy 1600 dollarlyk 25 görnüşi bar), şeýle hem, öndüriji hökmünde Delverr ammarynda hasaba alynmagyny özüniň taslama döwründe gazanan esasy üstünlikleri hasaplaýar. Emma, bu gazanan üstünliklerine seretmezden, Jeren öz halaýan pişesi bilen meşgullanyp, özüne we bütin dünýä sowgat edýändigini özi üçin iňňän möhüm hasaplaýar.
Handmade Exports maksatnamasynyň çäklerinde “Iň çalt ösüş” nominasiýada baýrak Abat Muhammetnyýazowa gowşuryldy.
Abat iki brende ýolbaşçylyk edýär. 2020-nji ýylda ol «Şekil tikinçilik öýi» atly atelýe-studiýasyny açdy, iki ýyl soňra bolsa «AVA carpet & leather» esaslandyrdy.
Abat Muhammetnyýazowanyň Türkmenistanyň figuralaýyn typmak boýunça milli ýygyndy toparynyň uly tälimçisi bolup işlemegi käbirleri üçin geň bolup görünmegi mümkin. Ýöne bu ýerde geň galarlyk hiç zat ýok: figuralaýyn typmak, Abadyň ähli eserleri ýaly, sportuň ajaýyp we nepis görnüşidir.
Handmade Exports-2022 maksatnamasynyň çäginde jemleýji çäräniň dowamynda Türkmenistanyň iň oňat senetçileriniň önümleriniň sergisi guralyp, ol myhmanlaryň ünsüni özüne çekmegi başardy. Olaryň aglaba köpüsi sergide göwünlerine ýaran el işlerini satyn aldylar.
Sergä gatnaşan çeper elli zenanlaryň ýene biri – diňe düýe ýüňünden önüm öndürýän Şasenem Garlyýewa «Handmade Exports 2022» sergisiniň "Iň döredijilikli önüm" nominasiýasynda baýraga we 2000 manat möçberinde pul sowgadyna mynasyp boldy.
ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi Metýu Klimou bu ýerde ýygnananlara gapjygyny görkezip, çärä geleninde gapjygynyň ep-esli doludygyny aýtdy. Türkmen senetçileriniň sergisi bolsa onuň boşaşmagyna getirdi. Ýöne ol ökünenok we üstesine-de, hemmeleri türkmen amaly-haşam sungatynyň ussatlarynyň ajaýyp eserlerini satyn almaga çagyrýar.
ORIENT bilen söhbetdeşlikde diplomat:
“Men diňe bir onlaýn bazarlary özleşdirmegi öwrenmän, eýsem onlaýn dükanlaryny Türkmenistandaky beýleki senetçiler üçin hem elýeterli eden el işlerini satýanlaryň roluna haýran galýaryn. Munuň özi bu işe gatnaşýan ähli adamlar üçin goşmaça ykdysady mümkinçilikler döretmek bilen çäklenmän, raýdaşlygyň, toparlaýyn işleşmegiň we jemgyýetçilik gurluşynyň ruhuny görkezýär…” - diýdi.
Bu ýeňijilere gowşurylan baýraklara degişli, amerikaly ýazyjy Laýmen Frenk Baumyň “Oz ýurdundan täsin jadygöý” atly kitaby esasynda sahnalaşdyrylan çagalaryň iňlis dilinde oýnan mini-spektakly bolsa ähli myhmanlar üçin ýakymly sowgat boldy.
Makalanyň soňunda “Handmade Exports” taslamasy boýunça biraz statistika. Onuň diňe birinji tapgyrynda taslama gatnaşyjylaryň 10-dan gowragy öz studiýalaryny we ussahanalaryny açmak bilen önümçiliginiň gerimini giňeltdiler, ussatlaryň birentegi bolsa öndüriji hökmünde halkara söwda platformalarynda hasaba alyndy. Mysal üçin, diňe eBay marketpleýsinde 22 sany onlaýn dükan açyldy.
Ýöne taslama oňa gatnaşyjylaryň içerki bazardaky işjeňliliginiň hasam artyp, Ynamdar, Gerekli, Aka we ş.m. ýerli onlaýn bazarlar bilen has netijeli hyzmatdaşlyk etmegine goşant goşdy.
Umuman alanyňda, ussat watandaşlarymyz daşary ýurt internet meýdançalarynda birinji (ýyllyk) tapgyrda umumy bahasy ABŞ-nyň 45 müň 250 dollaryna, ikinji (ýarym ýyllyk) tapgyrda bolsa – ABŞ-nyň 8 müň 300 dollaryna deň bolan önümlerini ýerlemegi başardylar.
Munuň bilen birlikde, amaly-haşam sungatyny ýöredijileriň uly bolmadyk toparynyň içerki bazarlarda iki tapgyrda degişlilikde 796,000 manatlyk we 942,000 manatlyk önüm satandygyny bellemelidiris.
Ýönekeý arifmetiki amallar arkaly netijäni jemläp, jemi bahasy ABŞ-nyň 53,550 dollaryna we 1,738 million manada deň bolan önümiň satylandygyny aýdyp bileris.
Şeýlelikde, «Handmade Exports 2022» synag taslamasy tamamlandy, netijeleri jemlendi we ýeňijiler kesgitlenildi. Emma, ol köpleriň pikir edişi ýaly, diňe bir taslama gatnaşyjylar üçin däl, eýsem çeper senetçilik pudagynda işleýän ussatlar, dizaýnerler, suratkeşler üçinem halkara internet bazarlaryna ýol açdy. Sebäbi, olaryň käbiri, esasanam merkezden daşda ýaşaýanlar öz önümlerini henizem kiçiräk ýerli bazarlara çykarmak bilen oňýarlar...
Synag taslamasyndan beýle netijä hiç kim garaşmandy.
Hatda taslamanyň guramaçylary-da...
Bekdurdy AMANSARYÝEW
Surata düşüren: ORIENT, wideo şekilleri düşüren: Süleýman ÇARYÝEW