Ýaponiýanyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň DIM-leriniň ýolbaşçylarynyň duşuşygy dekabryň ikinji ýarymynda meýilleşdirilýär

Ýaponiýanyň hökümeti dekabryň ikinji ýarymynda Tokioda Merkezi Aziýanyň bäş ýurdunyň daşary işler ministrleriniň duşuşygyny geçirmegi meýilleşdirýär. Bu barada ýekşenbe güni Ýaponiýanyň diplomatik çeşmelerine salgylanyp, Kyodo habarlar agentligi habar berdi.
Merkezi Aziýa Ýewropany, Ýakyn Gündogary we Aziýany birleşdirip, tebigy serişdelere baý geosyýasy taýdan möhüm sebit hasaplanýar diýip, Kyodo belleýär hem-de Ýaponiýanyň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen gatnaşyklaryny pugtalandyrmagy göz öňünde tutup, sebitiň Hytaý we Russiýa bilen serhetleşýändigini aýdýar.
DIM-niň ýolbaşçylarynyň altytaraplaýyn görnüşi - Ýaponiýa, Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan, Türkmenistan we Özbegistan duşuşygy – 2004-nji ýylda döredildi. Şu ýyl bäş ýurt bilen Ýaponiýanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy bellenilýär. Şunň ýaly soňky duşuşyk şu ýylyň aprel aýynda onlaýn görnüşde geçirildi, ýöne 2019-njy ýylyň maý aýyndan bäri ýüzbe-ýüz duşuşyklar geçirilmedi.
Sentýabryň ahyrynda – oktýabryň başynda, türkmen parlamentiniň ýokary palatasynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygyndaky türkmen wekiliýeti Tokioda saparda bolup gepleşikleri geçirdi.
Şeýle hem dekabryň ahyrynda Tokioda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon toparynyň 14-nji mejlisi geçiriler, mejlisiň gün tertibine Ýaponiýanyň öňdebaryjy banklary we kompaniýalary bilen gatnaşyklary giňeltmek boýunça täze teklipler giriziler.
ORIENT news