Samsung

Türkmenistanyň prezidentiniň BAE-ne sapary 21-22-nji noýabrda bolar

Türkmenistanyň prezidentiniň BAE-ne sapary 21-22-nji noýabrda bolar

Türkmensiatnyň Prezidentiniň Birleşen Arap Emirliklerine resmi sapary 21-22-nji noýabra meýilleşdirildi. Bu saparyň iş maksatnamasynyň taýýarlanylyşy barada anna güni türkmen hökümetiniň mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow hasabat berdi.

Ýokary hem-de pudagara derejelerinde geçiriljek türkmen-arap gepleşikleriniň netijeleri boýunça ikitaraplaýyn ylalaşyklaryň kabul edilmegine garaşylýar.

BAE Türkmenistanyň öňden gelýän we iri söwda-ykdysady hyzmatdaşydyr. Taraplar eksport-import dolanyşygyny hem-de maýa goýum gatnaşyklaryny giňeltmegi maksat edinýärler, bu ugurlarda gazhimiýa, maliýe, ulag we energetika pudaklarynda geljegi uly taslamalar bar.

BAE-niň işewür toparlary TOPH energiýa geçiriji taslamasyna, tebigy gazy gaýtadan işlemek, logistika, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri, ekologiýa we azyk howpsuzlygy ulgamlaryndaky taslamalara uly gyzyklanma bildirýärler.

BAE-niň maliýe taýdan gatnaşmagynda durmuşa geçirilýän taslamalaryň arasynda türkmen kenar ýakasyndaky Jebel şäherçesinde halkara derejeli howa menziliniň, “Altyn asyr” türkmen kölüniň töwereginde durmuş-senagat toplumyna niýetlenilen gün-ýel elektrik bekediniň gurluşyklary bar.

ORIENT news