Samsung

Türkmen-awstriýa işewürlik forumy Aşgabatda noýabr aýynyň ahyrynda geçiriler

Türkmen-awstriýa işewürlik forumy Aşgabatda noýabr aýynyň ahyrynda geçiriler

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi we onuň çägindäki işewürlik forumy 29-30-njy noýabrda Aşgabatda geçiriler.

Awstriýa tarapyndan bu çärelere gaýtadan işleýän senagat, maşyn gurluşygy, oba we suw hojalygy, azyk senagaty, derman senagaty we lukmançylyk önümlerini öndürmek boýunça öňdebaryjy önümçilik kompaniýalarynyň gatnaşmagyna garaşylýar.

Işewürler duşuşyklarynyň gün tertibine sanlaşdyrma ulgamlaryny ösdürmek, medeni alyş-çalyş, ylym we bilim taýdan özara hyzmatdaşlyk ýaly meseleler hem girer. Wise-premýer Batyr Atdaew anna güni Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde bu çärelere taýýarlygyň gidişi barada hasabat berdi.

Onuň sözlerine görä, Awstriýa bilen Türkmenistanyň işewür toparlarynyň wekilleriniň arasynda aýratyn gepleşikler meýilnamasy foruma paralel işlenip düzülýär.

ORIENT news