Samsung

ÝB MA ýurtlaryna Russiýadan ýa-da Hytaýdan has köp maýa goýar diýip Borrel aýtdy we ýene-de 300 milion ýewro wada berdi

ÝB MA ýurtlaryna Russiýadan ýa-da Hytaýdan has köp maýa goýar diýip Borrel aýtdy we ýene-de 300 milion ýewro wada berdi

Türkmenistanyň wekiliýeti anna güni Samarkantda geçirilen Ýewropa Bileleleşigi bilen Merkezi Aziýanyň arasynda özara baglanyşyklylyk: Global Gateway boýunça maslahata gatnaşdy.

Maslahatyň maksady 2021-nji ýylyň 1-nji dekabrynda işe girizilen Global Gateway Ýewropa strategiýasyna laýyklykda sebitiň içindäki we sebitara gatnaşyklary ösdürmekden hem-de Team Europe-niň başlangyçlary bilen tanyşdyrmakdan ybaratdyr.

“Biziň Global Gateway diýip atlandyrýanymyz ählumumy derejede ýaşyl we sanly ulgama geçmegi öňe ilerletmäge niýetlenendir – diýip ÝB-niň daşary işler we howpsuzlyk syýasaty boýunça ýokary wekili, Ýewropa toparynyň wise prezidenti Žozep Borrel aýtdy. – Biz munuň üçin iş ýüzünde bar bolan hemme serişdelerimizi ulanýarys hem-de Ýewropa Bileleşiginiň institutlarynyň, ÝB-e agza döwletleriniň, maliýe institutlarynyň tagallalaryny we Ýewropanyň işewür jemgyýetçiliginiň kuwwatyny birleşdirýäris”.

ÝB-niň ýokary wekiliniň belleýşi ýaly, göni maýa goýumlaryny goýmagyň dünýäde ilkinji çeşmesi hem-de Merkezi Aziýada iň iri maýadar bolup durýar. Soňky 10 ýylda ÝB-e agza döwletler Merkezi Aziýa ýurtlaryna 105 milliard ýewrodan gowrak serişdäni ýa-da ABŞ-nyň 121,3 milliard dollaryny maýa goýdy, bu bolsa sebitde göni daşary ýurt maýa goýumlarynyň umumy möçberinden 40% ýokarydyr.

Делегация Туркменистана приняла участие в Конференции по взаимосвязанности между Европейским союзом и Центральной Азией

“Hawa, ÝB sebite Russiýadan hem köp, Hytaýdan hem köp maýa goýýar – diýip, Borrel aýtdy. – Şoňa görä-de biz ýene-de has köp iş etmäge taýýar: ýakyn, geljek dört ýylda biz ikitaraplaýyn taslamalara bolşy ýaly, sebitleýin taslamalara hem grant görnüşinde 300 million ýewro bölüp berdik”.

Ol şeýle hem Team Europe-nyň başlangyçlarynyň işe girizilendigini belledi. Şolaryň biri – suw, energiýa we howanyň üýtgemegi boýunça bolup – suw hem-de energetika serişdeleri durnukly dolandyrmaga, ekologiýa meselelerini çözmäge we Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegine garşy göreşmäge ýardam eder. Beýlekisi – sanly aragatnaşyk boýunça bolup, Merkezi Aziýanyň hemra aragatnaşygy arkaly ählumumy internete elýeterliligini giňelder.

ÝAÖB-niň prezidenti Odil Reno-Basso we Ýewropa maýa goýum bankynyň prezidenti Tereza Çerwinskaýa, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary hasabatlar dilen çykyş etdiler.

ORIENT news