Samsung

Noýabr aýynyň ahyrynda geljek ýyly “Dialog – parahatçylygyň kepili” diýip yglan etmek barada Kararnamanyň kabul edilmegine garaşylýar

Noýabr aýynyň ahyrynda geljek ýyly “Dialog – parahatçylygyň kepili” diýip yglan etmek barada Kararnamanyň  kabul edilmegine garaşylýar

– BMG-nyň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistanyň başlangyjy esasynda 2023-nji ýyly halkara derejede “Dialog – parahatçylygyň kepili” diýip yglan etmek barada Kararnamanyň noýabr aýynyň ahyrynda kabul edilmegine garaşylýar – diýip, Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajyýew penşenbe güni Samarkantda geçirilen Merkezi Aziýa we Ýewropa Bileleşiginiň döwletleriniň daşary işler ministrleriniň 18-nji duşuşygynda aýtdy.

Принятие резолюции об объявлении Года «Диалог как гарантия мира» ожидается в конце ноября

– Şeýle hem, türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy Merkezi Aziýadan we Ýewropa Bileleşiginden öz kärdeşlerini dekabr aýynyň ikinji ongünlüginde geçiriljek Aşgabat halkara hepdeligine we “Dialog – parahatçylygyň kepili” atly maslahata gatnaşmaga çagyrdy – diýlip, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň internet saýtynda habar berilýär.

Принятие резолюции об объявлении Года «Диалог как гарантия мира» ожидается в конце ноября

Wepa Hajyýew öz çykyşynda häzirki duşuşygyň ilkinji “Ýewropa Bileleşigi-Merkezi Aziýa” sammitinden birnäçe hepde soň geçirilýändigini we ýokary derejedäki duşuşyklaryň netijesinde kabul edilen bilelikdäki çözgütleriň köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giň gerimi boýunça geljekki çekişmeleriniň başlangyç nokady bolmalydygyny aýtdy.

Ýewropa Bileleşigi-Merkezi Aziýa formatyndaky indiki ministrler ýygnagy 2023-nji ýylda Brýusselde geçiriler.

ORIENT news