Samsung

Global ýylylygyň Merkezi Aziýa edýän täsiri we suwuň orny – bilermenler forumynyň mowzuklary

Global ýylylygyň Merkezi Aziýa edýän täsiri we suwuň orny – bilermenler forumynyň mowzuklary

Hepdäniň penşenbe güni "Global ýylylygyň Merkezi Aziýa täsiri: sebitiň ýurtlarynyň bahalandyrmalary we çemeleşmeleri, şeýle hem sebit hyzmatdaşlygynyň geljegi" atly onlaýn-maslahat geçirilip, oňa Türkmenistanyň, Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň, Gazagystanyň we Täjigistanyň analitikleri gatnaşdy. Olara Germaniýanyň, Wengriýanyň, Şwesiýanyň we başga-da birnäçe ýurtlaryň alymlary hem goşuldylar.

Bilermenler jemgyýetine ylmy-barlag merkezleriniň ýolbaşçylary we hünärmenleri wekilçilik etdiler, olar çekişmäniň dowamynda mowzuk boýunça umumy faktlary, sanlary we çaklamalary gözden geçirdiler, sebitiň durnukly ösüşine abanýan kynçylyklara we howplara garşy göreşmekde netijeli milli tejribeleri, howanyň üýtgemegi meseleleri boýunça döwletara hyzmatdaşlygy baradaky garaýyşlary bilen paýlaşdylar.

Как глобальное потепление влияет на Центральную Азию

Türkmenistanyň adyndan foruma ýurduň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar institutynyň Strategiki gözlegler merkezi gatnaşdy. HGI-nyň SGM-niň uly ylmy işgäri Bekdurdy Amansaryýew sebitiň suw meselelerine we ähli taraplaryň bähbitlerini göz öňünde tutmak, milli we sebitleýin durmuş-ykdysady taslamalary, maksatnamalary durmuşa geçirmekde ýitgileri azaltmak esasynda umumy meseleleri çözmekde deňagramly suw syýasatynyň aýratyn ornuna kärdeşleriniň ünsüni çekdi.

Ol öz çykyşynda Hazar deňzi, Amyderýa, tygşytly suwaryş we global süýji suw ýetmezçiligi meselelerini aýratyn belläp geçdi. Eger-de, adamzat ýaňy-ýakynda bu mesele bilen ýüzbe-ýüz bolan bolsa, Merkezi Aziýa sebitiniň ilatynyň aglaba bölegi, ilkinji nobatda bolsa türkmenler, taryhynyň bütin dowamynda suwuň çäklendirilen şertlerinde ýaşadylar. Suw baýlyklaryny tygşytly peýdalanmak ukyby arkaly dünýäde ilkinji bolup, ak bugdaý ösdürip ýetişdirmek bilen bir hatarda, olar beýleki ekinleriň hem bol hasylyny ýetişdirmegi öwrendiler...

Как глобальное потепление влияет на Центральную Азию

Taryha edilen gysga, ýöne türkmeniň gidrotehnik oýlap tapyjylyk ukybyna degişli bolan görnükli mysallara baý bolan gezelençden soňra çykyş Türkmenistanyň suw hojalyk pudagynda ornaşdyrylan häzirkizaman innowasiýalary barada dowam etdi. Olaryň arasynda – Garagum çölüniň jümmüşinde ullakan emeli köli gurmaga gönükdirilen özboluşly taslama bar, oňa laýyklykda, zeý suwlary tutuş ýurduň ekin meýdanlaryndan kollektorlar ulgamy arkaly akdyrylyp, bu ýere ýygnanýar we suwaryşda gaýtadan ulanmak üçin arassalanýar.

Bu taslamanyň durmuşa geçirilmegi netijesinde kölüň töweregi tanalmaz derejede özgerdi. Ozal diňe beýikli-pesli boş meýdan bu gün al-ýaşyl ösümlikler bilen örtülip, bu ýerde maldarçylygy we balykçylygy ösdürmek üçin şertler döredi, şonuň bilen birlikde, obalaryň we senagat desgalarynyň gurluşygy alnyp barylýar. Ýagny, taslama ägirt uly gidromelioratiw ähmiýetinden başga-da, durnukly ösüş bilen baglanyşykly daşky gurşaw, howa we durmuş-ykdysady meseleleriniň çözülmegine-de goşant goşýar.

Как глобальное потепление влияет на Центральную Азию

– Şol bir wagtyň özünde, Türkmenistanyň ýolbaşçylary tarapyndan öňe sürülen halkara suw başlangyçlary sebit ýurtlarynyň ilatynyň hakyky zerurlyklaryna baglylykda, diýseň anyk häsiýete eýedir," – diýip, dokladçy belledi. – “Şolaryň arasynda: Aral deňziniň basseýni üçin BMG-nyň ýörite maksatnamasyny işläp düzmek, Merkezi Aziýanyň suw strategiýasyny kabul etmek, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň bitewi ekologik maksatnamasy hökmünde Daşky gurşawy goramak boýunça sebit meýilnamasyny durmuşa geçirmek we başga-da birnäçe çäreler barada teklipler bar.”

Türkmenistanyň pozisiýasy birnäçe bölümlerden ybarat, olara laýyklykda, suw we energiýa meseleleri halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalary esasynda her bir ýurduň bähbitlerini göz öňünde tutmak arkaly halkara guramalaryň işjeň gatnaşmagynda çözülmelidir.

ORIENT news