Türk parlamentiniň ýolbaşçysy Ärdoganyň saparynyň öňýanynda Aşgabada geldi

Türkiýäniň Beýik Millet Ýygnagynyň başlygy Mustafa Şentop hem-de onuň ýolbaşçylygyndaky parlament wekiliýeti penşenbe güni iki günlük resmi sapar bilen Aşgabada geldi.
Türk parlamentarileriniň saparynyň başy Türkmenistanyň Garaşsyzlyk binasyna gül goýmakdan başlandy, soňra bolsa olar Milli haly muzeýine bardylar.
Yenicag türk syýasy gazetiniň ýazyşy ýaly, bu ýerde Şentop energiýany ibermegiň ugurlarynda howpsuzlygyň dürli meseleleri barada žurnalistler bilen bolan söhbetdeşliginde Türkiýäniň üsti bilen Ýewropa alyp barýan geçelgäniň örän möhüm bolandygyny aýtdy.
Käbir ýurtlaryň, mysal üçin, Azerbaýjanyň Ýewropa tebigy gazyň iberilişini artdyrmak barada karara gelendiklerini belläp, Şentop: “Energiýanyň ýetmezçilik edýän şu döwründe türkmen gazynyň hem işjeňleşdirilmegi örän wajyp” diýip aýtdy diýip, neşir onuň sözlerini getirýär.
Ol şeýle hem Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň we Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Alyýewiň Türkmenistana gelip, energetika boýunça üçtaraplaýyn ylalaşygy gazanmak üçin tagalla etjekdiklerini belledi. “Şu babatda infrastruktura boýunça möhüm işler geçirildi. Men bu hyzmatdaşlyk şu döwürde has gymmatly hem-de wajyp boldy diýip pikir edýärin. Men şol saparyň mümkin boldugyça tiz wagtda boljakdygyna umyt edýärin” diýip, Şentop aýtdy.
ORIENT news
Foto: tbmm.gov.tr