Samsung

Aşgabatda türkmen-rus hökümetara toparynyň ýolbaşçylarynyň gepleşikleri geçirildi

Aşgabatda türkmen-rus hökümetara toparynyň ýolbaşçylarynyň gepleşikleri geçirildi

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň ýolbaşçylary – premýer-ministrler Raşid Meredow we Alekseý Owerçuk sişenbe güni Aşgabatda gepleşikleri geçirip, 6-7-nji dekabrda Moskwada meýilleşdirilýän HAT ýygnagynyň gün tertibini ara alyp maslahatlaşdylar.

Duşuşykda, Türkmenistanyň we Russiýanyň birnäçe ministrlikleriniň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda hyzmatdaşlygy ösdürmek, şol sanda iki ýurduň sebitleri derejesinde mundan beýläkki geçiriljek çäreler barada ylalaşyldy.

В Ашхабаде прошли переговоры сопредседателей туркмено-российской межправкомиссии

Taraplar söwda we ykdysady gatnaşyklara, energiýa, ulag we aragatnaşyk pudagyndaky hyzmatdaşlyga, şeýle hem senagat önümçiligi we maşyngurluşyk, oba-senagaty toplumy we ş.m. ugurlaryna gönükdirilen köp sanly meselelere garadylar. Däp bolan medeniýet we bilim, ylym we lukmançylyk pudagyndaky gatnaşyklar hem ünsden düşmedi.

Mundan öň türkmen paýtagtynda rus drama teatrynyň täze binasyny gurmak we Aşgabatda rus-türkmen uniwersitetini döretmek meýilnamalary barada habar berildi.

ORIENT news