Serdar Berdimuhamedow we Russiýanyň wise-premýeri Alekseý Owerçuk ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar
16.11.2022 | 16:20 |Prezident Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň hökümet başlygynyň orunbasary, Hökümetara türkmen-rus ykdysady hyzmatdaşlyk toparynyň RF tarapyndan başlygy Alekseý Owerçugy kabul etdi.
Duşuşygyň dowamynda bilelikdäki taslamalary we maksatnamalary öňe sürmek, dürli ugurlarda, şol sanda parlamentara derejesinde ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu nukdaýnazardan, türkmen mejlisiniň ýokarky palatasynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Moskwa eden soňky saparynyň netijeliligi bellenildi.
Serdar Berdimuhamedow we Alekseý Owerçuk söwda-ykdysady, ylmy-tehniki ugurlardaky gatnaşyklara ünsi jemlediler, iki ýurduň arasyndaky söwda dolanyşygynyň durnukly ösýändigini bellediler we türkmen-rus hyzmatdaşlygyny ösdürmek nukdaýnazaryndan nebit-gaz, senagat, ulag-logistika ýaly ugurlary dinamik we geljegi uly bolan pudaklaryň hatarynda bellediler. Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygy diwersifikasiýa etmekde bilelikdäki hökümetara toparyň orny bellendi.
Türkmenistanyň döwlet baştutany we Russiýanyň wise-premýeri gumanitar ugurda, şol sanda medeniýet, bilim we ylym, şeýle hem saglygy goraýyş pudagyndaky hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar.
ORIENT news