Iň täze habarlar

Taekwondo boýunça Türkmenistanyň çempionaty: täze tapgyryň başlanmagy

16.11.2022 | 01:30 |
 Taekwondo boýunça Türkmenistanyň çempionaty: täze tapgyryň başlanmagy

Aýdogdy Atabaýewiň sportda gazananlarynyň, atlarynyň we beýleki üstünlikleriniň sany köp. Ony ýurdumyzyň sport toparlarynda at gazanan tälimçi we Türkmenistanyň baş tälimçisi hökmünde oňat tanaýarlar. Dünýä derejesindäki taekwondo toparlarynyň arasynda bolsa 8-nji dan gara guşagyň we “ Taekwondo (ITF) boýunça dünýäniň iň oňat tälimçisi” diýen hormatly adyň eýesi, Taekwondo boýunça Aziýa federasiýasynyň ýerine ýetiriji komitetiniň agzasy hem-de “A” derejeli halkara emin, şeýle hem halkara instruktor hökmünde tanalýar.

Şeýle hem ol gündogar başa-baş söweşiniň bu görnüşi boüunça diňe bir milli federasiýany däl, eýsem türkmen taekwondo mekdebiniň özüni hem esaslandyryjydyr.

Hut ol – Aýdogdy Atabaýew ýowuz 90-njy ýyllaryň başlarynda Daşkentde okaýarka, şol ýere gelen koreý halypalaryndan tälim aldy hem-de birinji dan gara guşaga mynasyp eýe bolup, söweş sungatynyň bu sazlaşykly ulgamyny Türkmenistana getirdi.

Ol sportuň bu görnüşi bilen meşgullanmaga öz tanyşlaryny we olaryň tanyşlaryny çekmekden başlady. Soňra bolsa köçelerde dereksiz ygyşyp ýören oglanjyklary çekip başlady. Olara uruşmagy däl-de, özüňi goramak we hüjüm etmek usullaryny öwrenmekde öz-özüňi terbiýelemegi hakyky ussat hökmünde öwretdi.

2.jpg

Başgaça aýdylanda, başa-baş söweşiň diňe maddy tarapyna däl-de, eýsem ony emele getirýän ruhy tarapy boýunça tälim berdi. Hut şu düzüm bölegi, gündogar başa-baş söweşleriniň ählisiniň ruhanylarynyň tassyklaýyşlary ýaly, özüňe akyl ýetirmegiň çäksiz dünýäsiniň mazmuny bolup durýar.

– Kämil söweşjeň hemişe öz güýjüne ynanýar hem-de haýsydyr bir gödek kişi oňa degjek bolanda, ol köçe dawalaryna goşulmaz – diýip, Aýdogdy öz şägirtlerine bu sözleri aýdanda, her dogaýy kimin gaýtalaýar. Haçanda diňe ejiz we goranyp bilmeýän adamlaryň ömrüne ýa-da saglygyna howp abanýan ýagdaýlaryndan başga ýgdaýlarda goşulmaz. Ýöne, gündogar başa-baş söweş sungatynyň iň esasy ulanylyşy – Watanyňa gulluk etmekdedir.

Tiz wagtda taekwondo seksiýasy ösüp giňäp başlady. Aýdogdy bolsa Türkmenistanyň dürli künjeklerinden ilkinji şägirtlerini taýýarlap, olara halypaçylyk işine ak pata berdi. Şeýdip, 80-nji ýyllarda karate giň gerimde we üstünlikli ýaýranyndan soň, bu täze söweş sungaty Türkmenistanda adygyp başlady. Bu sungaty dünýä koreýaly general Çoý Hong Hi bagyş etdi. Ol Gündogaryň söweş sungatlarynyň köpugurly ulgamynda özüne çenli işlenen hemme netijeli tilsimleri öz döredýän sungatynda utgaşdyrdy.

3.jpg

Ine-de, şol 90-njy ýyllaryň ahyrlarynda täzelik gelip gowuşdy – general Çoý Hong Hi özüniň esaslandyran söweş sungaty gysga wagtyň içinde öräb hiň ýaýran ýeri bolan Türkmenistana gelip görmek kararyna gelipdir.

Ol 1999-njy ýylyň ýatdan çykmajak birnäçe günleri bolupdy. Halypalar onuň türkmen taekwondoçylary bilen geçiren okuw maslahatlaryny häzir hem ýatlaýarlar. Munuň özi ählumumy pandemiýa başlanýança yzygiderli dowam eden hemme işlere badalga beren waka bolupdy.

Tiz wagtda Türkmenistanyň ähli welaýatlaryndan iň oňat tälim alanlar jemlenilen ýurduň ýygyndy topary döredildi. Hiç kim garaşmady, ýöne, daşary ýurda ilkinji giden ýaryşlaryndan Aýdogdy Atabaýewiň türgenleri Watana baýraklar bilen dolanyp geldiler. Şondan bäri hem türkmen taekwondoçylary (ITF görnüşi boýunça) bu ajaýyp däbi hemişe berjaý edip gelýärler: halkara ýaryşy bolsa-da, Aziýa ýa-da dünýä çepmionatlary bolsa-da olar baýraklara mynasyp bolmagy başarýarlar.

Soňky gezek Bolgariýada geçirilen 2019-njy ýylyň dünýä çempionaty agyr bolupdy. Şondan soň häzirki günlere çenli dowam eden uzak hem-de irizen arakesme ara düşdi.

4 А.jpg

Ine-de, Aşgabatda şenbe we ýekşenbe günleri ýurduň çempionaty geçirildi, ol Türkmenistanyň ähli künjeklerinden iň güýçli taekwondoçylary bir ýere jemledi. Türgenleriň, tälimçileriň we Aýdogdy Atabaýewiň özüniň ýagdaýlaryndan çen tutsaň, ýurtda gündogar başa-baş söweşiniň şu görnüşiniň ösdürilmegine gönükdirilen tagallalar ýerine düşüpdir.

– Ýaş aýratynlygy boýunça hemme toparlarynda we agram derejelerinde geljegi uly ýaşlar bar. Şolary hem halkara sport derejelerine çykarmaga taýýarlamak gerek – diýip, Aýdogdy Atabaýew aýdýar.

Şunuň bilen birlikde hem Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň 8-12-nji dekabrda Minskide geçiriljek GDA-nyň Açyk Kubogy – ITF taekwondo boýunça dünýä Kubogy ugrundaky ýaryşa gatnaşmaga çakylyk alandygy belli boldy.

Özüne ýeterlik anyk sebäplere görä, uzak arakesmeden soň, halkara ýaryşlaryna gatnaşmak tejribesi we başarnygy ýitirilende, türgenlerden üstünlikli çykyş etmegi talap etmek kyn. Emma, tälimçiniň hem-de onuň türgenleriniň ynamy umyt dördýär.

Bekdurdy AMANSARYÝEW

Şeýle hem okaň: