Iň täze habarlar

Türkmenistana Russiýadan bäş sany teplowoz gelip gowuşdy

15.11.2022 | 17:45 |
 Türkmenistana Russiýadan bäş sany teplowoz gelip gowuşdy

Brýansk maşyngurluşyk zawodynyň (BMZ) (demirýol ulaglary üçin iň iri tehnikany öndürýän “Transmashholding” paýdarlar jemgyýetiniň bir bölegi) önümi bolan bäş sany teplowoz Türkmenistana geldi.

Aşgabat Demirýol menzilinde täze teplowozlary dabaraly ýagdaýda garşy aldylar we ýaşulylar, däbe görä, olaryň uzak wagt hyzmat etmegine ak pata berdiler.

2TE25KM lokomotiwleri “Transmashholding” bilen 2022-nji ýylyň awgust aýynda baglaşylan şertnama laýyklykda, Türkmenistanyň döwlet demirýol operatory bolan “Demiryollary” AGPJ-ne gowşuryldy.

Brýansk maşyngurluşyk zawodynyň ýük teplowozlary Türkmenistanda eýýäm belli. 2021-nji ýylda “Demiryollary” kompaniýasy tarapyndan satyn alnan lokomotiw iş ýüzünde özüni gowy tarapdan görkezdi.

“Demirýollarynyň” wekilleri Brýansk tehnikasynyň hilini we ygtybarlylygyny belleýärler we kompaniýanyň lokomotiw parkyny kämilleşdirmek, ony giňeltmek boýunça BMZ bilen hyzmatdaşlygy dowam etdirmegi göz öňünde tutýarlar.

2TE25KM ýük lokomotiwi 1520 mm ölçegli demirýollaryň elektrikleşdirilmedik liniýalarynda uly göwrümli ýükleri daşamagy netijeli guramaga mümkinçilik berýär. Bu seriýaly maşynlar BMZ-da 2014-nji ýyldan bäri öndürilýär we olar dürli howa şertlerinde (şol sanda gurak we yssy howa şertleri bolan sebitlerde-de) ýoluň çylşyrymly profili bolan böleklerinde işlänlerinde, özlerini gowy tarapdan görkezdi.

Demirýol pudagyny tehniki taýdan döwrebaplaşdyrmak we täzelemek Türkmenistanda göwrümi köpeltmek, ýük daşalyşynyň geografiýasyny giňeltmek we ulag-logistika pudagynda iri halkara taslamalaryny durmuşa geçirmek maksady bilen yzygiderli amala aşyrylýar.

ORIENT news

Şeýle hem okaň: