Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi Lebap welaýatynda boş iş orunlarynyň ýarmarkasyny geçirmegi yglan etdi

Lebap welaýatynyň Darganata etrabynda Türkmenistanyň zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň welaýat müdirligi dalaşgärler üçin boş iş orunlarynyň ýarmarkasyny geçirmegi yglan etdi – diýlip, ministrligiň resmi saýtynda habar berilýär.
Çäre noýabr aýynyň 23-ne sagat 10:00-dan 12:00 aralygynda şu salgy boýunça geçiriler: Darganata ş., S.Türkmenbaşy köç., jaý 44.
Ýarmarkada telekeçiler we döwlet edaralary tarapyndan hödürlenen boş iş orunlary teklip ediler. Işe ýerleşmäge isleg bildirýänleriň ýanlarynda şahsyýetini tassyklaýan resminamalary, zähmet depderçesi (eger bar bolsa), bilim baradaky şahadatnamasy we sertifikatlary bolmalydyr.
ORIENT news
Surat: redaksiýanyň arhiwinden