Samsung

Türkmenistan we Gyrgyzystan – ýakyn dostlar, strategiki hyzmatdaşlar we doganlyk ýurtlar

Türkmenistan we Gyrgyzystan – ýakyn dostlar, strategiki hyzmatdaşlar we doganlyk ýurtlar

Türkmen parlamentiniň Ýokary palatasynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 11-nji noýabrda Özbegistanyň Samarkand şäherinde Türki döwletleriň guramasynyň (TDG) sammitiniň çäklerinde Gyrgyz Respublikasynyň prezidenti Sadyr Žaparow bilen duşuşdy. Bu barada Gyrgyz Respublikasynyň prezidentiniň resmi saýty habar berýär.

Gyrgyzystanyň Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedowy "Türki dünýäsiniň ýokary ordeni" sylagynyň gowşurylmagy bilen gutlady. Ol bu tapawutlandyryş nyşanynyň, türki döwletleriň agzybirligini we raýdaşlygyny pugtalandyrmaga, şeýle hem TDG-niň halkara abraýyny ýokarlandyrmaga Türkmenistanyň ozalky prezidentiniň şahsy goşant goşandyna aýdyň şaýatlyk edýändigini belledi.

Председатель верхней палаты туркменского парламента Гурбангулы Бердымухамедов встретился с Президентом Кыргызской Республики Садыр Жапаровым

Soňra, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyna baha bermek boýunça pikir alyşyldy. Sadyr Žaparow ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini kanagatlanma bilen belledi hem-de türkmen-gyrgyz hyzmatdaşlygynyň pugtalandyrylmagyna Gurbanguly Berdimuhamedowyň goşant goşandyna ýokary baha berdi.

Öz nobatynda, Türkmen parlamentiniň Ýokary palatasynyň Başlygy ikitaraplaýyn gatnaşyklary, şol sanda ýurtlaryň parlamentleriniň derejesinde ösdürmegiň we giňeltmegiň möhümdigini belledi.

Taraplar ýokary derejeli saparlary guramak meselelerine-de garadylar. Sadyr Žaparow Gurbanguly Berdimuhamedowy we Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedowy amatly wagtda Gyrgyzystana gelmäge çagyrdy.

ORIENT news