Samsung

Aşgabatda halkara telekom-jemgyýetçiligi sanly ulgama geçilişiň ýollaryny ara alyp maslahatlaşýar

Aşgabatda halkara telekom-jemgyýetçiligi sanly ulgama geçilişiň ýollaryny ara alyp maslahatlaşýar

Şu günler Aşgabatda halkara telekommunikasiýa jemgyýetçiligi “Türkmentel-2022” sergisine hem-de MKT ulgamynda esasy hünärmenler we düzgünleşdirijiler üçin adybir maslahata gatnaşýarlar. Olar bu ulgamdaky wajyp meseleleriň üstünde pikir etmek, olary çözmegiň ýollaryny kesgitlemek hem-de täze aragatnaşyklary ýola goýmak üçin bu ýere ýygnandylar.

“Türkmentel-2022” forumy iki günüň dowamynda açyk sergi we maslahat geçirmek üçin meýdançany hödürleýär. Şunda sebit hem-de dünýä bazarynda esasy orun eýeleýän wekiller resmi adamlar, Türkmenistanda maglumat-kommunikasiýa ulgamynyň ösüşini we dolandyrylyşyna jogapkär adamlar bilen göniden göni gatnaşyk edip bilýärler.

“Türkmentel-2022” pudaklaýyn serginiň birinji gününde türkmen we daşary ýurt kompaniýalarynyň täze taslamalarynyň, önümleriniň hem-de hyzmatlarynyň tanyşdyrylyşy geçirildi, bilermenleriň maslahatynda bolsa iki mejlis geçirildi. Olaryň biri “Maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň ösdürilmegi – Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ulgamyny sanlylaşdyrmagyň möhüm ugry” diýen meselä, ikinji bolsa “Täze hemra tehnologiýalary we goşundylar” meselesine bagyşlandy.

Anna güni, 11-nji noýabrda aragatnaşyk serişdelerini we ulgamlaryny, poçta ulgamynda kiberwopsuzlyk we sanly ulgama geçiş meseleleri boýunça mejlisler geçiriler. Milli aragatnaşyk operatory bolan “Türkmentelekom”, Türkmenistanyň «TM CELL» söwda nyşanly hyzmatlary hödürleýän “Altyn Asyr” öýjükli aragatnaşyk operatory, telekom bazaryna programma üpjünçiligini işläp taýýarlaýan we iberýän iri kompaniýalaryň biri bolan Eastwind, ykjam, kesgitli, giň gerimli we IP-ulgamlar üçin telekommunikasiýa enjamlaryny öndüriji fin transmilli kompaniýasy bolan Nokia, telekommunikasiýa ulgamynda dünýäniň iň iri kompaniýalarynyň biri bolan Hytaýyň Huawei Technologies kompaniýasy, “Kasperskiý Laborotoriýasy” ýaly kompaniýalaryň esasy menejerleri bu meseleler boýunça alyp baryjylar hökmünde yglan edildi.

ORIENT news