Samsung

"TurkmenTel-2022" IT tehnologiýalar pudagynyň trendlerini görkezýär

"TurkmenTel-2022" IT tehnologiýalar pudagynyň trendlerini görkezýär

Aşgabatda geçirilýän "TürkmenTel-2022" maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň sergisi bu ugurda täzeçillikleriň, programma üpjünçiliginiň, IT-hyzmat kompaniýalarynyň we maslahat beriş hyzmatlarynyň giň gerimini hödürleýär.

Bu hünärmenleriň, bilermenleriň bir-biri bilen duşuşmagy, täze önümleriň çykarylyşyny mahabatlandyrmak ýa-da olaryň bazarda synaglaryny yglan etmek mümkinçiligi, bäsdeşleriň ösüş derejesi barada bilmek üçin üýtgeşik özboluşly ajaýyp çäre. Gysgaça aýdylanda, bu hünärmenleriň özara habarlaşyp, trendleri kesgitlemegi üçin iş meýdançasydyr.

ТуркменТел-2022

Tor tehnologiýalary, iň täze telekommunikasiýa we ýaýlym enjamlary, milli üpjün edijiler, halkara öndürijiler we daşary ýurt üpjün edijileri tarapyndan hödürlenýän hyzmatlar IT pudagynyň çalt ösýändigini görkezýär.

ТуркменТел-2022

"TurkmenTel-2022" Türkmenistanyň ykdysadyýetinde, dolandyryşynda, sosial ulgamynda täze maglumat tehnologiýalaryny ösdürmäge, ýurtda bäsdeşlige ukyply IT infrastrukturasyny esaslandyrmaga we onuň netijeli işlemegini üpjün etmäge gönükdirilendir.

ТуркменТел-2022

ТуркменТел-2022

ТуркменТел-2022

ТуркменТел-2022

ТуркменТел-2022

ТуркменТел-2022

ТуркменТел-2022

ТуркменТел-2022

ТуркменТел-2022

ТуркменТел-2022

ORIENT news