Borrell: Merkezi Aziýa ýurtlarynyň strategik taýdan ähmiýeti barha artýar

– Merkezi Aziýa ýurtlary Ýewropa bilen Aziýanyň arasyndaky baglanyşykdyr we strategik nukdaýnazardan olaryň ähmiýeti barha artýar. Bu ýurtlar daşary syýasatyny diwersifikasiýa edýärler we Ýewropa Bileleşigi (ÝB) olar bilen gatnaşyklary berkitmeli – diýip, Ýewropa diplomatiýasynyň başlygy Josep Borrell anna güni Germaniýanyň Mýunster şäherinde G7 daşary işler ministrleriniň duşuşygynda aýtdy.
– Ýakyn wagtda men Samarkandda Merkezi Aziýa bilen Ýewropanyň arasyndaky baglanyşyk boýunça foruma gatnaşaryn. Bu gatnaşyklarymyzy, hyzmatdaşlygymyzy berkitmek we Global Ýewropa üçin strategik maýa goýum meýilnamamyzy ösdürmek üçin amatly pursat bolar, bu bolsa maýa goýumlarymyzy we häzirki şertlerde ähmiýeti barha artýan dünýäniň bu bölegi bilen gatnaşygymyzy berkitmegiň ýoludyr – diýip, Borrell metbugatyň öňünde eden çykyşynda aýtdy.
Duşuşygyň netijeleri boýunça Kanadanyň, Fransiýanyň, Germaniýanyň, Italiýanyň, Ýaponiýanyň, Angliýanyň, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň daşary işler ministrleri, şeýle hem ÝB-niň ýokary wekili bilelikde beýannama kabul etdiler, onda Merkezi Aziýa aýratyn bellenip geçilýär.
ÝB-niň Ýokary wekiliniň beýannamasy Ýewropanyň daşary işler gullugynyň (EEAS) internet saýtynda çap edildi.
G7 agzalary Merkezi Aziýa ýurtlary bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, öz hökümetleri we halklary bilen durmuş-ykdysady ösüş, adam hukuklaryna hormat goýmak, içerki we institusional özgertmeleri durmuşa geçirmek, sebit howpsuzlygy meselelerinde işlemek isleýändiklerini tassykladylar.
EEAS beýannamasynda "Şeýle hem, biz aragatnaşyk, ulag we söwda gatnaşyklaryny ösdürmek üçin bilelikde işläris" – diýlip bellenilýär.
ORIENT news
Foto: api.ardmediathek.de